Indoneziýanyň “Eduversal” bilim guramasy tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän “KOMODO” halkara matematika olimpiýadasy geçirilýär. Bäsleşik onlaýn görnüşde geçirilýär.
“Komodo” halkara festiwaly 4 (dört) ýaş kategoriýasynda geçirilýär:
- Salamander – 10 ýaşa çenli;
- Hameleon – 12 ýaşa çenli;
- Iguana – 15 ýaşa çenli;
- Dragon – 18 ýaşa çenli;
Ders bäsleşigine gatnaşmak üçin möhüm seneler:
- Registrasiýa döwri : 29.01.2022 – 30.03.2022;
- Synag simulýasasy: 31.03.2022;
- Bäsleşik güni: 09.04.2022;
Regisrasiýa üçin töleg $15 (amerikan dollary). 02.03.2022 senesine çenli töleglerde 20% ýeňillik berilýär.
Baýrakly orunlaryň paýlanşygy:
- Altyn medal: ähli gatnaşyjylaryň ilkinji 5%-i;
- Kümüş medal: ähli gatnaşyjylaryň nobatdaky 6-15%-i;
- Bürünç medal: ähli gatnaşyjylaryň nobatdaky 16-30%-i;
- Höweslendiriji baýrak: ähli gatnaşyjylaryň nobatdaky 31-50%-i;
Ýeňijiler üçin baýraklar (her kategoriýa üçin) :
- 1-nji ýer üçin – iPad;
- 2-nji ýer üçin – Samsung Galaxy Tab A;
- 3-nji ýer üçin – Kindle;
- 4-nji ýer üçin – Airpod;
- 5-nji ýer üçin – Huawei Smartwatch;
“Komodo” matematika festiwalyna ýazylmak üçin: https://app.komodomathfestival.com/login
Bäsleşik barada has giňişleýin maglumat üçin: https://komodomathfestival.com/
“Komodo” matematika festiwaly öňki ýyllarda I-EMC’2020 we I-EMC’2021 ady bilen geçirilen olimpiýadanyň re-brending görnüşi bolup durýar. Ol adyny Indoneziýanyň meşhur süýreniji haýwany bolan komodo jandaryndan alýar. Aždarha meňzeş bu haýwan irki ýurasiki (dinozawr) döwürlerden günümize çenli nesli ýitmän gelipdir. Bu haýwanyň adyny göterýän Komoda adasy jahankeşdeleri özüne çekýär.
Eduversal guramasynyň geçen ýyllarda geçiren halkara onlaýn matematika ders bäsleşigine 64 ýurtdan 1000-den gowrak okuwçy gatnaşdy.
Bu ýylky olimpiýada “çalasyn ýaş zehinler üçin oýun meýdany” diýen şygar bilen çykyş edýär.
Bu bäsleşige öňki ýyllarda onlarça türkmen ýaşlary gatnaşyp baýrakly orunlary eýelediler.
Şeýle-de okaň:
Daşoguzly zehinli ýaşlaryň uly üstünligi
Ýaş matematikleriň üstünligi
Zehinli ýaşlar – geljegiň röwşeni
Türkmen okuwçylary 11 medal gazandy
Körpe matematik kümüş medal gazandy
Türkmenistanly ýaşlar 1 altyn, 1 kümüş medal gazandy
Teswirler