MILLI BILIM ULGAMYNYŇ KÄMILLEŞMEGI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň milli ylym-bilim ulgamynyň täze, has kämil, dünýäniň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan özboluşly ulgamy kemala geldi. Hormatly Prezidentimiz  «Ata Watanymyzyň abraý-mertebesiniň belentliklere göterilýän häzirki döwründe täze sepgitleriň, beýik ösüşleriň, ilkinji nobatda, bilimli, ylymly nesliň güýji, zehin baýlygy bilen gazanylýandygy geljekki ösüşlerimiziň kepilidir» diýip, diýseň jaýdar belläp geçýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesillere berilýän bilimiň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi, ykdysadyýetiň ösüşi üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açyldy. Bilim edaralarynyň ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň ýokary derejesine laýyk enjamlaşdyrylmagy bolsa, eziz Diýarymyzyň ylym binýadynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işleriň ajaýyp miweleridir.

Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýaş nesle täze tehnologiýalar esasynda ýokary derejede bilim bermek boýunça alnyp barylýan işler öz oňyn netijesini berýär. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 22-nji maýynda gol çeken Karary esasynda tassyklanan «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020—2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler hem her bir mugallymdan we terbiýeçiden ýokary taýýarlygy, hünär taýdan ussatlygy talap edýär.

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, sagdyn we ruhubelent nesliň kemala gelmegi barada yzygiderli alada edýän, dünýä ýüzünde ynsanperwer ýörelgeleri giňden dabaralandyryp, dostana gatnaşyklary rowaçlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Akjagül ATAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok