Gahryman Arkadagymyz özüniň ajaýyp kitaplarynyň biri bolan «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda «Bitaraplyk bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, kuwwatly döwletimiziň, agzybir milletimiziň, adyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan gymmatlykdyr» diýip jaýdar belleýär. Hakykatdan hem, häzirki wagtda özüniň oňyn Bitaraplyk syýasaty esasynda dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkidýän eziz Watanymyzyň abraý-mertebesi günsaýyn belentliklere göterilýär. Munuň özi döwletimiziň içerki we daşarky syýasatynyň utgaşykly alnyp barylýandygynyň we onuň ýokary netijelere eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen halkynyň akyldar şahyry, «Dünýäniň Elbrusy» diýlip atlandyrylan Magtymguly Pyragynyň «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýip belleýşi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen halkynyň ykbaly göterilip, başyna Döwlet guşy gondy. Şol gün eziz Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýen beýik adyny bütindünýäde ykrar etdi. Elbetde, özüniň bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Togrul beg… ýaly hanlaryň, şalaryň mesgeni bolan bu eziz topragymyzda ençeme döwletleriň we imperiýalaryň döredilmegi, olaryň bütindünýäde hökmürowanlyk etmegi türkmeniň adynyň asyrlaryň dowamynda jahana ýaň salandygyny aýdyň alamatlandyrýar. Bu günki günde hem mähriban Watanymyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde dabaralanmagy bolsa, halkymyzyň özüniň gadymy ata-babalarynyň ägirtlik, döwlet gurujylyk we agzybirlik ýaly asylly häsiýetlerini dowam etdirip gelýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz hem ajaýyp kitaplarynyň biri bolan «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda biziň döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda onuň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hakydasy, psihologiýasy, milli aň-düşünjesi öz beýanyny tapandygyny belläp geçýär. Açyklyk we hoşniýetlilik, myhmansöýerlik we beýleki milletlere hormat goýmak diňe bir goňşy halklaryň medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat goýmakda däl-de, eýsem olaryň ylymda we sungat äleminde gazanýan üstünliklerine guwanýandygynda hem ýüze çykýandygyny we bu häsiýetler bolsa, biziň milli aýratynlygymyza hemişe mahsusdygyny nygtaýar.
Şeýle-de, şol kitabynda Gahryman Arkadagymyz öňümizde goýýan örän çylşyrymly meselelere hem-de wehimlere jogap tapjak bolsaň, taryha we jemgyýetiniň durmuşynyň ruhy tarapyna nazar aýlamasaň bolmaýandygyny we halkymyzyň taryhda sungatyň güýji bilen parahatçylygy durmuşymyza ornaşdyrandygyny, kynçylykly meseleleri asuda ýol bilen çözüp bilendigini jaýdar belleýär. Şonuň esasynda Şükür bagşynyň keşbine ýüzlenmek bilen ondaky edebi gahrymanyň durmuşa has ýakyndygyny, onuň parlamentiň wekiliniň, gepleşikleri geçirijiniň we diplomatyň keşbidigini aýdyp geçýär. Bu ýerde gürrüň meseleleri güýç ulanyp çözmegiň garşysyna ýaraga daýanyp däl-de, eýsem, parahatçylykly serişdeleri ulanyp, ýeňiş gazanmak we maksada ýetmegiň möhümdigi açylyp görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda biziň ata-babalarymyz bolan gunlaryň-da, beýik Oguz türkmen döwletiniň-de şeýle parahatçylykly ýollar esasynda diplomatik usullary ulanandygyny jaýdar belleýär.
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen halkynyň ykbalynda buýsançly wakalaryň biri bolup geçdi. Ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda dünýäniň 185 döwleti tarapyndan Türkmenistana Bitaraplyk derejesi berildi. Bitaraplyga eýe bolan güni bütin türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan waka boldy. Şondan sanlyja ýyl geçenden soňra, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň 193 döwleti tarapyndan ýurdumyza ikinji gezek hemişelik Bitaraplyk derejesi berildi. Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy bilen eziz ýurdumyz ösüşleriň bedew bady bilen öňe ilerledi. Daşary syýasatda goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklarda oňyn netijeler gazanyldy.
Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň nazarynda dost – doganlygyň mekany hasaplanýar. Goňşy döwletler bilen ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklar ýyl-ýyldan has-da berkeýändigi hem muňa aýdyň mysal bolup durýar. Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyz tanalmaz derejede özgerdi we birnäçe maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Ähli pudaklarda şol sanda ylym-bilim, saglyk, ykdysadyýet, medeni, oba hojalyk pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir» diýen şygary döwletimiziň baş ýörelgesine öwrüldi.
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda döwletimiz hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belledi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň milli Lideriniň we döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesiniň halkara abraýyny tassyklaýan buýsançly wakadyr.
Türkmenistanyň her bir raýaty üçin Bitaraplyk türkmen döwletiniň taryhynda iň bir şanly wakalaryň birine öwrüldi. Bitaraplyk derejesi halkymyza ýeňişlere beslenen şöhratly we aýdyň ýoly açyp berdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti barha artýar hem-de halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlyklaryň gerimi giňeýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň 140-dan gowragy bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýandygy şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, konwensiýalaryň 50-ä golaýynyň agzasydygy aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy.
«2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylymyzda hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda toýlamaga taýýarlyk işleri gyzgalaňly ýagdaýda alnyp barylýar. Mundan başga-da Watanymyzda baky Bitaraplygymyzyň esasynda alyp barýan daşary syýasatymyzy dünýä ykrar etdirmek we ony halkara gatnaşyklarynda ýurdumyzyň ornuny has-da berkitmek maksady bilen birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde Durnukly Ösüş Maksatlarynyň wajyp ugurlary hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistany 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna girizildi. Bu buýsandyryjy wakalar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýan ykrarnamasydyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy günsaýyn ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, bütindünýä ähmiýetli tutýan tutumly işlerinde elmydama rowaçlyklar ýar bolsun!
Ogulnar ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Teswirler