Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynda şu ýylyň alty aýynda 10,5 million manatlyga golaý iş ýerine ýetirildi. Şu ýylyň başyndan bäri kärhanada gurnama demir-beton önümleriniň 14 müň kub metrden gowragy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105 göterim ösüş gazanyldy.
Kärhanada häzirki wagtda gurluşyk serişdeleriniň 20-den gowrak görnüşi öndürilýär.
Teswirler