Durnukly ösüşiň indikatorlaryny we görkezijilerini seçip almak durnukly ösüşiň belli bir maksada gönükdirilen dolandyryş işlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Tebigat bilen jemgyýetiň arasynda bolup geçýän ýagdaýlary dolandyrmak işini monitoringden (gözegçilik we barlag) başlamak maksada laýykdyr. Indikatorlar we görkezijiler ulgamyna esaslanýan monitoring işine üç ulgamyň (adam, biosfera, durmuş-ykdysady ulgamlar) häzirki ýagdaýlaryny häsiýetlendirýän, olaryň ösüş meýillerini görkezýän, geljekki netijelerini çaklaýan, maksatlara ýetmek boýunça hereketleriň aýratynlyklary we howplara garşy durmak ýaly maglumatlary özüne alýan maksatlary girizmek zerur bolup durýar.
Durnukly ösüşiň monitoringi bu durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň we daşky gurşawyň ýagdaýynyň görkezijilerine gözegçilik edýän hem-de olaryň tebigy we antropogen täsirler netijesinde üýtgemegini çaklaýan ulgam. Ol özüne döwlet dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary we degişli hukuk, usulyýet we maglumat üpjünçiligini alýar. Monitoringi döretmegiň maksady durnukly ösüşiň durmuş, ykdysady we ekologik ugurlary boýunça maksatly görkezijilerine- indikatorlaryna ýetmegiň derejelerine gözegçilik etmek we aýry wezipeleriň doly ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda zerur dolandyryş çözgütlerini kabul etmek boýunça öz wagtynda teklipleri işläp taýýarlamak. Durnukly ösüşiň monitoringini alty ugur boýunça geçirmek maksada laýykdyr:
Şol bir wagtda durnukly ösüş bilen baglanyşykly kämil monitoring ulgamyny döretmek mümkin däl. Sebäbi, durnukly ösüşiň şertlerini döredýän adamlaryň, biologik görnüşleriň, atmosferanyň, gidrosferanyň ýagdaýlaryna, durmuş-ykdysady meseleleriň müňlerçe görkezijilerine gözegçilik etmek mümkin däl. Şol sebäpli monitoringi ekologik, durmuş we ykdysady ösüş nukdaýnazardan seretmek has dogry çözgüt bolup durýar, sebäbi ekologik ýagdaý güniden-göni durmuş we ykdysady syýasatyň düzüm böleklerine täsir edýär. Ekologiýa-durmuş-ykdysady monitoringde maglumatlary ýygnamak usullary geçýär we anyk görkezijileri işläp taýýarlanylýar. Ýygnanan maglumatlar netijesinde alnan görkezijiler jemlenýär, seljerilýär we häzirki ýagdaýyň barşy görkezilýär.
Ykdysady monitoring – bu strategiýalaryň amala aşyrylyşynyň derejelerine baha bermek we netijeli dolandyryş çözgütlerini kabul etmek maksady bilen hojalyk subýektleriň giňişleýin üznüksiz önümçiliginiň ähli döwründe ykdysady maglumatlary ýygnaýan, öwrenýän we seljerýän ulgam. Ykdysadyýetde monitoring dürli ykdysady obýektler üçin ulanylýar. Şol obýektler esasynda ykdysady monitoringiň durmuş-ykdysady, maliýe, karz, bank we beýleki görnüşlerini görkezmek bolar. Olaryň ählisi, ozaly bilen, obýekte gözegçiligi guramaga we oňa ýaramaz täsir edýän faktorlary öňünden duýdurmaga ýa-da ykdysady obýektiň ýa-da ykdysady obýektiň ösüşine baha bermek maksady bilen belli bir wagt aralygynda wajyp meseleler boýunça maglumatlary almaklyga gönükdirilendir.
Durmuş monitoringi – bu maglumatlary üznüksiz ýygnaýan we ulgamlaşdyrýan ýagdaý bolup, onuň seljermesi bilim ulgamynyň emele gelmeginiň we ösmeginiň esaslandyrylan dolandyryş delillerini işläp taýýarlamaga, çaklamalary amala aşyrmaga we dolandyryşyň dürli derejelerine düzediş girizmäge mümkinçilik berýär. Durmuş monitoringiniň esasy maksady durmuş maksatlaryň täsirliligini ýokarlandyrmak üçin ulanyp boljak maglumatlary almakdyr. Ykdysady we durmuş monitoringi aýry tapawutlandyryp bolýan hem bolsa, tejribede bu iki düşünjeler özara ýakyn bagly we olary biri-birinden bölüp aýyrmak juda kyn. Şol sebäpli olary özara baglanyşykda seretmek zerurdyr.
Durmuş-ykdysady monitoringi – bu belli bir çäkde ykdysady we durmuş ýagdaýlara baha berýän, çaklaýan, gözegçilik edýän we seljerme geçirýän, şeýle hem rejeli dolandyryş çözgütlerini kabul etmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýan ulgam. Durmuş-ykdysady monitoringiň baş maksady döwlet häkimiýet edaralaryna jemgyýetde bolup geçýän üýtgeşmeler barada doly, hakyky we öz wagtynda maglumat bermek bolup durýar. Şonuň bilen birlikde durmuş-ykdysady monitoringiň esasy maksatlarynyň biri dürli derejelerde netijeli dolandyryş çözgütlerini kabul etmek üçin maglumatlary ýygnamak, öwrenmek we taýýarlamak bolup durýar. Ilatyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny ilatyň durmuşynyň esasy jähetleri häsiýetlendirýär, olary makroykdysady we demografiki ýagdaý, saglygy goraýşyň ýagdaýy, bilimiň derejesi, iş bilen meşgullygyň we zähmet şertleriniň derejesi, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçilik şertleri, durmuş goraglylygynyň derejesi kesgitleýär.
Ekologik monitoring – bu daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçilik edýän, barlaýan, baha berýän, çaklaýan hem-de dolandyryş çözgütlerini taýýarlamak we kabul etmek işiniň maglumat üpjünçilik ulgamy. Gözegçiligiň anyk maksatlaryna, wezipelerine, obýektlerine baglylykda ekologik monitoring ulgamynyň dört sany derejesini we olary amala aşyrmagyň üç sany basgançagyny görkezmek bolar. Monitoring ulgamynyň beýany 1-nji şekilde görkezilen.
Gurbannazarowa Oguljennet
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler