Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Rowaçly sähra» hususy kärhanasynyň ekin meýdanlary Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Akgoňur daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Kärhananyň agzybir işgärleri 2019-njy ýyldan bäri 500 gektardan gowrak ýerden gök önümleriň, däneli, ot-iýmlik ekinleriň bitginli hasylyny alýarlar. Şu günler 20 gektar soganyň bereketli hasyly ýygnalyp, alyjylara ugradylýar. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.
«Rowaçly sähra» hususy kärhanasynyň agronomlary 15-nji fewral 10-njy marty aralygynda ýeralma tohumyny ekdiler. Ýazlyk ýeralmalar 80 — 110 gün aralygynda bişip ýetişýär. Häzirki wagtda 175 gektara ýaýlyp gidýän ýeralmalardan bol hasyla garaşylýar. Onuň yzyndan bolsa ot-iýmlik mekgejöwen ekmek göz öňünde tutulýar.
Merjen Gurbanmuradowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler