Türkmen talyplary onlaýn halkara matematika bäsleşiginiň ýeňijisi

Maý aýynyň 5-8-i günlerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda ilkinji gezek onlaýn görnüşde halkara matematika bäsleşigine gatnaşdylar.

Halkara bäsleşik üç günläp dowam edip, iňlis dilinde alnyp baryldy. Bu bäsleşik iki tapgyrda guralyp, onuň birinji tapgyrynda şahsy birinjilik boýunça, ikinji tapgyrynda bolsa toparlaýyn bäsleşildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň 200-si, şeýle hem Russiýa, Özbegistan, Gazagystan, Ukraina, Rumyniýa, Bolgariýa ýaly, jemi 17 döwletden zehinli talyplaryň 400-e golaýy gatnaşdy.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde matematika boýunça geçirilen halkara matematika bäsleşiginde ýokary netije gazanan talyp ýaşlaryň 113-si ýeňiji boldy. Şahsy bäsleşikde olaryň 19-sy birinji, 27-si ikinji, 67-si bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Toparlaýyn bäsleşikde bolsa 8-si ýeňiji boldy, ýagny 3-si birinji, 1-i ikinji, 4-si üçünji orny eýelemegi başardy.

Halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna diplomlardyr gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Maral Hojanyýazowa,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň

Halkara ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok