Çarşenbe güni OGT – 2021 öz işine başlar

Şanly Garaşsyzlygymyzyň  30 ýyllygyna bagyşlanyp “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021” (OGT-2021) atly Halkara maýa goýum forumy 12–13-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde geçirmeklik meýilleşdirilýär.

 Nebit gaz pudagyna maýa goýumlary çekmekde  bu forumyň uly ähmiýeti bardyr. Hususan-da iri taslamalayň biri bolan Türkmenistan – Owganystan – Päkistan  – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy forumyň esasy temalaryň biri bolar.

Forum Halkara energetika forumynyň baş sekretary Jozef MakMonigleniň çykyşy bilen tanyşdyrylar. Esaslandyrylanyna  bu ýyl 30 ýyl dolýan bu gurama  Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde ýerleşýär.Mundan başga-da Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça ýörite söwda wekili Baronessa Emma Nikolson ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly tema boýunça eden çykyşy diňlener.

Halkara maýa goýum forumy adaty we onlaýn görnüşde geçirmeklik meýilleşdirilýär.

Myratgeldi ANNAGELDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok