Türkmenistan- sagdynlygyň mekany

Bilşimiz ýaly, her ýylyň 7-nji aprelinde ýer- ýüzünde Bütindünýä saglyk güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Eýsem bu baýram haçan bellenilip başlanypdyr? Ilkinji gezek Bütindünýä saglyk güni 1948-nji ýylyň 22-nji iýulynda bellenilip başlandy. Onuň bu senede bellenilmeginiň düýp özenine seretsek, şol gün Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Düzgünnamasynyň kabul edilen günüdir. Emma, 1950-nji ýyldan bäri bolsa Bütindünýä saglyk güni her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýär.

Dünýäniň beýleki ýurtlary bilen bir hatarda biziň ýurdumyzda-da her ýylyň 7-nji aprelinde dünýä bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk güni uly dabara bilen giňden bellenilýär. Saglyk gününe gabatlanyp sport çäreleri, aýdym- sazly çykyşlar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerime eýe bolýar. Sport ähli ýaşdaky we kärdäki adamlary – talyplary we mekdep okuwçylaryny birleşdirýär. Sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanýan hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi türkmen halkyny sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasy adam saglygy hakynda edilýän alada bilen baglanyşykly geljege  nazarlaýan toplumlaýyn işleri özünde jemleýär. 2015-nji ýylyň 17-nji iýulynda kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş- durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy”, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, sagdyn iýmitlenmek, sporty we syýahatçylygy ösdürmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça maksatnamalary bilen sazlaşýar, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maksatnamalaryna laýyk gelýär.

Halkara olimpiýa komiteti hem-de sport federasiýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda sportuň köp görnüşleri, şol sanda Türkmenistan üçin täze görnüşleri- awtomobil, hokkeý , figuralaýyn typmak, suwda oýnalýan görnüşleri işjeň ösdürilýär. Soňky ýyllarda türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Ynsan saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkyň saglygy, beden taýdan sagdyn, ýokary ynsanperwerlik we ahlak ýörelgelerine ygrarly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, döwletimiziň hemişe ileri tutulýan wezipeleri bolupdy we şeýle bolmagynda- da galar.

Laçyn HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
III ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok