Bilim ulgamy kämilleşýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň ösüşiniň ähli ugurlarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylymly­ – bilimli, giň düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaş­laryň hukuklary ygtybarly goralýar, olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Ilki bilen bilim almak döredilýän şertler bilen baglylykda  her bir adamyň özüne bagly bolup durýar. Şeýle bolsa-da bu aňsat iş däldir. Bilim dünýäsine ilkinji gadam basan islendik  adamyň dünýägaraýşy giňeýär, durmuşyň manysyna giň göz ýetirip başlaýar. Bu bolsa şol adamda ýokary derejeli adamçylyk, sylag-hormat, jogapkärçilik, Watana wepalylyk, sabyrlylyk we parasatly pikirlenmek ýaly ynsanyň belent häsiýetleriniň döremegine uly itergi berýär. Netijede bolsa jemgyýetde ýaşaýan adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň gowulanmagy arkaly agzybirlik bilen ösüşiň belent sepgitlerine ýetilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesillere bilim we terbiýe berişiniň derejesini ýokarlandyrmak, esasan hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda   körpelere  terbiýe berlişiniň derejesini has-da ýokarlandyrmagy aýratyn belleýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalary terbiýelemekde we mekdebe taýýarlamakda, olarda özüňi edepli alyp barmak we okuwa bolan joşgunly höwesi kemala getirmek barada uly işleri amala aşyrýan  terbiýeçileriň işlerine hem uly ünüs berilýär. Çagalara türkmen dilini we beýleki dilleri, bilimleriň ilkibaşdaky esaslaryny öwretmek ýörite taýýarlanan milli Maksatnamalar esasynda amala aşyrylýar. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli stategiýasy», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek barada 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklandy. Munuň özi milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek we kämilleşdirmek baradaky wajyp resminamadyr. Dünýä belli Bil Geýts şeýle belleýär: «Beýik mugallymlar okatmagyň diňe bir synp otaglarynda sapak geçmek ýa-da mugallymyň ýolbaşçylygynda işlemek däldigini elmydama nygtaýar. Ýöne hemişe öz bilesigelijiligini kanagatlandyrmak ýa-da haýsydyr bir meseläni özbaşdak öwrenmek isleýän adamyň öňünde mydam zerur maglumaty nireden taplmaly diýen mesele ýüze çykýar. Täsin mümkinçilikler başyňy aýlajak bolýar, çünki bu tehnologiýa bilim beriş işini gowulandyrmak bilen jemgyýetçilik durmuşynyň ähli  ugurlaryny üýtgeder».

.

Şyhmyrat Söýünow,

Türkmenistanyň Daşary isler ministrligininiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara
ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok