Hytaý Täze ýylynyň täsinlikleri

Hytaý Täze ýyly – bu Singapuryň şatlykly baýramçylyklarynyň biri. Baýramçylyk, esasan, Çaýna-taunda has şagalaňly geçirilýär. Şol wagtda Hytaýyň köçeleri owadan täze ýyl ertekilerine öwrülýär.

Hytaý Täze ýyly dürli wagtlarda garşy alynýar: baýramçylygyň senesi 21-nji ýanwardan 20-nji fewral aralygynda bellenilip, ol hytaý aý senenamasyna bagly bolýar. Şu ýyl hem täze 2021-nji ýyl 16-njy fewralda bellenilmeli.

Bu baýramçylyk Aziýa ýurtlarynyň köpüsinde bellenilýär: Hytaýda, Gonkongda, Bruneýde, Indoneziýada, Malaýziýada, Filippinlerde, Günorta Koreýada, Taýwanda, Wýetnamda we Singapurda.

Täze ýyl gijesi Hytaýda örän köp feýerwerkler atylýar: statistika laýyklykda – bu bütin dünýäniň feýerwerkleriniň 90%-ine barabardyr. Gadymy döwürlerden bäri hytaýlylarda feýerwerkleriň ýagtylygy hem partlamasy şeýtanlardyr arwahlary gorkuzýar diýen ynanç saklanyp galypdyr.

Şeýle hem Hytaý Täze ýylyny “Ýaz festiwaly” ýa-da “Bahar baýramy” diýip atlandyrýarlar, sebäbi ýaz paslynyň başlangyjy (4-18-nji fewral) gadymdan gelýän Gün senenamasynyň ilkinji döwri hasaplanýar.

Täze ýyl gijesinde her kim sowgada garaşýar. Hytaý halkynda Täze ýyl sowgadyna aýratyn üns berilýär.  

Iň gowy sowgat hasaplanylýan zatlar:

  1. Bezegler (şarf, gulakjyn, ellik, egin-eşik, we ş.m.)
  2. “Hong Bao” – gyzyl pul bukjasy
  3. Çaý
  4. Ir-iýmişli sebet
  5. Öý harytlary

Sowgat hökmünde gutlanylmaýan zatlar:

  1. Bezegler (sagat, saýawan, elýaglyk we ş.m.)
  2. Kesilen güller
  3. Islendik ak we gara reňkdäki zatlar
  4. Dörtlük san bilen bagly dürli sowgatlar
  5. Köwüş

Goý, Täze 2021-nji ýyl hytaý halkyna hem saglyk, bagt, rysgal-döwlet gyzykly we ýatdan çykmajak pursatlary eçilsin.

“Xinnian Kuaile” – Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Garataýewa Aýgül
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Rus dili we edebiýaty fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok