Türkmenistanda welosipedli ýöriş geçirildi

Düýn ýurdumyzyň paýtagtynda we ähli sebitlerinde welosipedli ýörişler geçirildi. Ata Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýunyň ruhuna beslenen çagynda ýaýbaňlandyrylan ýörişlere dürli kärdäki we hünärdäki raýatlaryň, şol sanda ýaşlardyr ýaş türgenleriň işjeň goşulmagy aýratyn guwandyryjy boldy.

Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýy mynasybetli köpçülikleýin ýörişler giňden ýaýbaňlandyryldy. Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatynda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşanlar bellenen ýoly uly ruhubelentlikde geçdiler. Welaýatlaryň Sport toplumlarynyň zallarynda we meýdançalarynda giň gerim alan ýaryşlar bolsa sport baýramçylygyna baý öwüşgin goşdy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamasy bilen her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegine, Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sportuň bu görnüşiniň barha giň gerim alyp, köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygyna buýsanýan ildeşlerimiziň welosipedli ýörişi hem ýatda galyjy sport çäreleriniň biri boldy.

Watanymyzyň halkara derejede ykrar edilen baky Bitaraplygynyň şanly toýuna barýan günlerimizde guralan bu ýöriş eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha rowaçlanyp, ata Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydygyny ýene bir ýola subut etdi.

Magtymguly Atadurdyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok