Aşgabatda şu ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Kuraş türgeni beden hem ruhy taýdan kämilleşdirýän halkara sport görnüşleriniň biridir.
Kuraş türki halklaryň arasynda öňden gelýän guşakly göreşiň bir görnüşidir. Häzirki wagtda kuraş boýunça dürli derejeli ýaryşlar geçirilýär we göreşiň bu görnüşi ÝUNESKO tarapyndan işjeň goldanylýar. Hünärmenler başa-baş göreşiň bu görnüşi mundan 3,5 müň ýyl ozal döräpdir diýip belleýärler. Gadymy şadessanlarda kuraş we kuraşyň güýçli pälwanlary hakynda köp ýatlanylýar. Taryhçy we filosof Gerodot hem «Taryh» atly işinde kuraş barada ýazypdyr.
Köp asyrlaryň dowamynda şol bir adaty görnüşinde kuraş nesilden-nesle geçip gelipdir. Kuraşy belli-bir düzgünlere laýyk getirmek, ony halkara derejesinde ykrar etdirmek ýaly tagallalar diňe soňky wagtlarda ýüze çykyp başlaýar. Elbetde, kuraşda tutmak bilen bagly dürli emeller, düzgün-kadalar öňden adat bolan görnüşde dowam edýär. Çünki, Orta Aziýa ýurtlarynda kuraş elmydama ýörgünli bolupdyr. 1980-nji ýyllarda dzýuda we erkin göreş ýaly, kuraş hem ylmy nukdaýnazardan öwrenilip başlanýar. Netijede, kuraşyň ylmy taýdan hemmelere aýdyň derejede kesgitlenen emelleri, düzgünleri takyklanylýar. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda dowam edýän düzgünler düýpli öwrenilip, tutluşygyň agram toparlary, adalgalar, tutuşygyň dowam etmeli wagty, pälwanlaryň egin-eşikleri we beýlekiler tassyklanylýar. Umuman, gadymy kuraş sportuny döwrebap sport görnüşine öwürmek üçin şertler döredilýär.
Häzirki wagtda-da kuraş bilen meşgullanýan türgenler özüniň beden saglygy, boýlarynyň syrdamlygy, gollarynyň gujurlylygy, bedeniniň kuwwatlylygy bilen tapawutlanýarlar. Sportuň bu görnüşi bilen türgenler ýaşlykdan meşgullanyp başlaýarlar. Netijede, ussat türgen hem-de sagdyn bedenli ýigitler bolup ýetişýärler.
Oguljemal RÖWŞENOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler