Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň täze taryhy eýýamynda döwrebap özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda jemgyýetçilik gatnaşyklary ösdürilýär. Milli syýasy ulgamda köp partiýalylyk döredildi. Indi her bir partiýa ýurdumyzyň syýasy wekilçilikli saýlawlaryna işjeň gatnaşýar. Bu özgertmeleriň netijesinde halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we durmuş taýdan goraglylygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzda uzak möhletli meýilnamalaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi, Konstitusiýamyzyň kämilleşdirilmegi, döwrüň talabyna laýyk amala aşyrylýar.
Türkmenistan demokratiýany, adam hukuklaryny, ynsanperwerligi we adalaty dabaralandyrmakda özüniň asyrlarboýy arzuwlap gelen röwşen ýoluny saýlap aldy. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna we demokratik ýörelgelere esaslanyp, halkymyzyň däp-dessurlaryna, medeni gymmatlyklaryna pugta eýermek bilen, halkara giňişliginde uly abraýa eýe boldy.
Döwlet Baştutanymyz jemgyýetimizde demokratiýany ösdürmek, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramagyň hukuk esaslary boýunça netijeli işleri alyp barýar. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ykdysadyýeti, senagat pudaklaryny, ylmy, bilimi, medeniýeti we sporty ösdürmek bilen bagly meseleleriň çözülmegine aýratyn üns berýär. Şol nukdaýnazardan häzirki döwrüň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesi kabul edildi we täzeden rejelendi. Şeýle hem olaryň ençemesine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Eziz Diýarymyzda demokratiýanyň barha kämilleşýändigini türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň, ähli gatlaklarynyň içerki sazlaşygynyň doly keşbini beýan edýän, köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, guramaçylykly geçirilýän dürli derejeli saýlawlar hem aýdyňlygy bilen subut edýär. Döwletimiziň syýasy ösüşinde saýlawlaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Çünki saýlawlar raýat hukuklarynyň üpjün edilmeginiň we jemgyýetiň demokratiýalaşmagynyň esasy çeşmesi bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän saýlawlar many-mazmun taýdan gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýtmak bilen, ata-babalarymyzyň kämil durmuş tejribeleri, ýol-ýörelgeleri häzirki zaman talaplaryna laýyklykda dowam etdirilýär.
Humaý MÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler