Magtymguly — bakylygyň şahyry

Çeper söz ussady, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň çuň paýhasy, ýiti zehini, öňdengörüjiligi bilen kemala gelen şygyrlar ynsan kalbyna ebedi nur paýlaýar. Beýik Pyragynyň döredijiligine mahsus aýratynlyklar şahyr Mollanepesiň hem baý edebi mirasyna, şahyrana dünýäsine ýiti täsir edipdir. Muny halypadan kemal tapan söz ussadynyň edebi mirasy anyk tassyklaýar. Akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijilik däplerini dowam etdiren Mollanepes türkmen diliniň many goýazylygyny, şirinligini öz eserlerinde örän nepislik hem ussatlyk bilen peýdalanypdyr.

Geljek 2024-nji ýyl­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy da­ba­ra­ly bel­le­ni­lip ge­çi­ler. Mu­nuň özi akyl­dar şa­hy­ryň baý hem-de gym­mat­ly ede­bi mi­ra­sy­ny, ХVIII—ХIХ asyr­lar­da türk­men dur­mu­şy­na ýe­ti­ren uly tä­si­ri­ni yl­my esas­da öw­ren­mek­de, onuň şa­hy­ra­na dün­ýä­si­ne hal­ka­ra yl­my-ede­bi jem­gy­ýet­çi­li­giň ün­sü­ni çek­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar.

Be­ýik söz us­sa­dy özü­niň çuň pel­se­pä ýug­ru­lan goş­gu­la­ryn­da hal­ky­my­zyň bi­te­wü­li­gi, türk­men döw­le­ti­niň sars­maz bin­ýa­dy ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny us­sat­lyk bi­len be­ýan edip­dir. Şa­hy­ryň «Ber­ka­rar döw­let is­lä­rin» di­ýen ar­zu­wy ha­syl bo­lup, bu gün­ki gün bag­ty­ýar hal­ky­myz Ga­raş­syz döw­let­de, aba­dan, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ýar.

Bu gün­ki aja­ýyp za­ma­na­myz, şa­hy­ryň ar­zuw edi­şi ýa­ly, yk­ba­ly­my­zyň sö­züň do­ly ma­ny­syn­da gö­te­ri­len za­ma­na­sy­dyr. Şo­nuň üçin akyl­da­ryň pa­ra­sat­ly pi­kir­le­ri, kä­mil ga­ra­ýyş­la­ry ada­lat jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ru­hy bin­ýa­dy bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Mag­tym­gu­ly­nyň şy­gyr­la­ry­nyň hal­ky­my­za uly ru­hu­be­lent­lik, eg­sil­mez joş­gun ber­ýän­di­gi­ni buý­sanç bi­len bel­läp geç­mek bo­lar. Ata Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­ni ga­zan­mak­da akyl­da­ryň pa­ra­sat­ly pi­kir­le­ri ýol gör­ke­zi­ji şam­çy­rag bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Allanazar SAPARBAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok