Magtymguly türkmeniň poeziýasy gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda, täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar.
Ý. E. Bertels.
Gökleň urugynyň gerkez tiresinden bolan Magtymguly şahyr ähli türkmeniň halypasydyr.
A. N. Samoýlowiç.
Türki halkyýetleriň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir.
W.W.Bartold.
Magtymgulynyň şöhraty indi bütin dünýä ýüzüne doldy.
Nikolaý Tihonow.
Magtymgulynyň goşgularyny öz dilimize terjime etmek bilen, poeziýa äleminde şeýle ägirt adamyň türkmenleriň arasynda bardygyna göz ýetirdim.
Resul Gamzatow.
Magtymguly bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar.
Çingiz Aýtmatow.
Magtymgulynyň gyzyla gaplaýmaly goşgy-gazallary, onuň iň oňat, iň progressiw nusgalary biziň öňdebaryjy sungatymyza uly goşant bolup girdi.
Baýmuhammet Garryýew.
Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize diňe onuň hoşasyny çöpläýmek galdy.
Mämmetweli Kemine.
Didar JUMAÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler