Halkymyzyň akyl-paýhasa, pähim-parasada goýýan hormaty örän uly. Bolmalysy-da şeýle. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy barada aýdylan-da bolsa, bu tüýs jüpüne düşýär. Özara gürrüňçilikde, söhbetdeşlikde öz pikiriňi akyldar şahyryň goşgy setirleri bilen subut etmek, berkitmek biziň üçin endige öwrülip gidipdir.
Magtymguly Pyragy milletiň jebisleşmeginiň jarçysy bolup, bitewüligiň ýeňilmez güýçdügini, agzybirligiň bagtyýar ýaşamak üçin esasy şertleriň biridigini öz döredijiliginde wasp eden danadyr. Täze taryhy döwürde Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň mertebesi has-da belende göterilýär.
Akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen öňdengörüjilikli pikirleri hem-de garaýyşlary häzirki zaman jemgyýetiniň ruhy binýadydyr. Nusgawy şahyrymyzyň setirleri diňe bir asyr bilen däl-de, eýsem, müňýyllyklar bilen ölçenilýän edebi gymmatlygyň kanunalaýyklygydyr. Pyragynyň döredijiligini diňe edebiýat we çeper söz gymmatlygy nukdaýnazaryndan öwrenmek hem-de baha bermek ýeterlik däldir. Şahyryň syrly setirleriniň üstüni açmak üçin entek hem uly işler edilýär.
Magtymgulynyň döredijiligi ynsanlaryň ajaýyp duýgularyny birleşdirýär. Pyragynyň döredijiliginden döwletlilik, agzybirlik, bir başa gulluk etmek meseleleri eriş-argaç bolup geçýär. Ol türkmeniň abadan, parahat durmuşda ýaşamagyny, milli döwletli bolmagyny isleýär. Dana şahyrymyzyň arzuw-islegleri Garaşsyzlyk eýýamymyzda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hasyl boldy. Onuň öňe süren taglymlary, pikirleri bu günki türkmeniň Bitaraplyk syýasatynyň kökleri bilen sepleşýär.
Aýlar NURÝAGDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler