2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç güni 2-nji ýanwara geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyly dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç güni 2-nji ýanwara — duşenbe gününe geçirildi we Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralary, kärhanalary we guramalary üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok