Çeperçilik akademiýasynyň talyby Aşgabat birinjiliginde ýeňiji boldy

Türkmenistanyň Çeperçilik Akademiýasynyň I ýyl talyby Kowsär Abbasowa öz ýaşdaşlarynyň arasynda 60 sany oky 18-metr aralyga Klassiki ýaýdan nyşana ok atmak boýunça Aşgabat şäher birinjiliginiň ýeňijisi boldy.

Ýeňijiler ýörite dabara bilen sylaglandy. Kowsär Abbasowanyň şatlygyny paýlaşmak üçin onuň maşgalasy, Türkmenistanyň Çeperçilik Akademiýasynyň bedenterbiýe mugallymy Meretgeldi Akmedow we talyp deň-duşlary dabara gatnaşdylar, janköýerlik etdiler.

Ýaş türgen Kowsär Abbasowa okuwdan boş wagtlary diňe bir ok-ýaý atmak bilen meşgul bolman, eýsem ol birnäçe daşary ýurt dillerini hem öwrenýär, ýurdumyzda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Kowsär Abbasowa 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 16-syna Ýaşlar baýragyna hem mynasyp boldy. Köwsar okuwyndan boş wagtlary çeper eserleri okamak bilen meşgul bolýar. Ol rus, iňlis, pars we koreý ýaly daşary ýurt dillerinde erkin gürläp bilýär.

Kowsär Abbasowa – «Gulbaba» adyndaky çagalar baýragynyň eýesi, Bäşim Nuralyýew adyndaky Çeperçilik mekdebiniň göreldeli uçurymy, senetçilik boýunça birnäçe bäsleşikleriň ýeňijisi, ok-ýaý atmak boýunça öz ýaşdaşlarynyň arasynda Aşgabat şäher birinjisidir.

Şeýle hem Kowsär Abbasowa senetçilik işleri bilen birnäçe sergilere gatnaşdy we özüniň awtorlyk işleriniň sergisini gurnap halk köpçüligine ýetirdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok