Ýaş toýunda iň gowy sowgat – “Ýaşlar baýragy”

Köwser Abbasowa öz ýaş gününde “Ýaşlar baýragyny” aldy.

Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Köwser Abbasowa üçin şu ýyl gaty üýgeşik sene. Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni, ýagny 16-njy noýabrda “Ýaşlar baýragyna” mynasyp boldy. Bu senede şeýle-de onuň doglan güni bolandygy sebäpli, onuň mugallymy we maşgala agzalary hem bu sylaglandyryş dabarasyny görmäge geldiler.

Köwser Abbasowa şu ýylky “Ýaşlar baýragyny” alan mekdep okuwçylaryndan biri. Ol bu baýraga soňky 3 ýylda gazanan üstünliklerini hödürledi.

Köwser Abbasowa “Gulbaba” adyndaky çagalar baýragynyň eýesi; Bäşim Nuralyýew adyndaky Çeperçilik mekdebiniň uçurumy; senetçilik boýunça birnäçe bäsleşikleriň ýeňijisi; ok-ýaý atmak boýunça öz ýaşdaşlarynyň arasynda toparlaýyň baýrakly orunyň eýesi. Senetçilik işleri bilen birnäçe sergilere gatnaşdy we özüniň awotrlyk işlerini sergisini gurnap halk köpçüligine ýetirdi. Köwser Abbasowa öz mekdebinde göreldeli okuwçylaryň hatarynda ýer alýar. Ol türkmen, rus, iňlis we pars dillerinde erkin gürleşýär. Onuň geljekki arzuwy binägär bolmak.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok