Çeperçilik akademiýasynyň talyby Aşgabat birinjiliginde ýeňiji boldy

Türkmenistanyň Çeperçilik Akademiýasynyň I ýyl talyby Köwser Abbasowa öz ýaşdaşlarynyň arasynda 60 sany oky 18-metr aralyga Klassiki ýaýdan nyşana ok atmak boýunça Aşgabat şäher birinjiliginiň ýeňijisi boldy.

Ýeňijiler ýörite dabara bilen sylaglandy. Köwser Abbasowanyň şatlygyny paýlaşmak üçin onuň maşgalasy, Türkmenistanyň Çeperçilik Akademiýasynyň bedenterbiýe mugallymy Meretgeldi Akmedow we talyp deň-duşlary dabara gatnaşdylar, janköýerlik etdiler.

Ýaş türgen Köwser Abbasowa okuwdan boş wagtlary diňe bir ok-ýaý atmak bilen meşgul bolman, eýsem ol birnäçe daşary ýurt dillerini hem öwrenýär, ýurdumyzda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Köwser Abbasowa 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 16-syna Ýaşlar baýragyna hem mynasyp boldy. Köwser okuwyndan boş wagtlary çeper eserleri okamak bilen meşgul bolýar. Ol rus, iňlis, pars we koreý ýaly daşary ýurt dillerinde erkin gürläp bilýär.

Köwser  Abbasowa – «Gulbaba» adyndaky çagalar baýragynyň eýesi, Bäşim Nuralyýew adyndaky Çeperçilik mekdebiniň göreldeli uçurymy, senetçilik boýunça birnäçe bäsleşikleriň ýeňijisi, ok-ýaý atmak boýunça öz ýaşdaşlarynyň arasynda Aşgabat şäher birinjisidir.

Şeýle hem Köwser Abbasowa senetçilik işleri bilen birnäçe sergilere gatnaşdy we özüniň awtorlyk işleriniň sergisini gurnap halk köpçüligine ýetirdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok