Biziň halkymyz Garaşsyzlygyna eýe bolup, umumy ykrar edilen ýörelgeler bilen birlikde türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däp-dessurlaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasyny 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul etdi. Ine, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esaslandyrylmagyna 30 ýyl dolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy özygtyýarly döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, halkymyzyň bitewülik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk we adalatlylyk baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny şöhlelendirýär.
“Konstitusiýa” sözi “constitutio” diýen latyn sözünden emele gelip, “gurmaklyk, dikeltmeklik, döretmeklik” diýen manylary berýär. Her bir döwletiň Konstitusiýasynda ony kabul eden halkyň milli dünýägaraýşyna esaslanýan özboluşly aýratynlyklaryny görmek bolýar, ýagny, halkyň milli adatlaryna, däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna häsiýetli aýratynlyklar mahsus bolup durýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň aýratynlygy – onuň agramly böleginiň adamyň tebigy we mizemez hukuklarynyň kepillenlendirilmegine gönükdirilendedir. Esasy Kanunymyz biziň milli kanunçylygymyzyň hukuk binýadyny emele getirýär, döwletimiziň jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň esasy ugurlaryny, häkimiýetiň wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralarynyň, kazyýet häkimiýetiniň ygtyýarlyklaryny, adamlaryň we raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny ykrar edýär hem-de kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň has möhüm ugurlarynyň esas goýujy ýörelgelerini berkidýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy şahsyýetiň hukuk ýagdaýynyň esasyny goýmak bilen, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny halkara hukugynyň ählumumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kepillendirýär. Esasy Kanunymyz Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň, Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara ylalaşygynyň we adam hukuklary çygryndaky beýleki halkara resminamalarynyň esasy taglymatlaryny we ýörelgelerini öz içine alýar. Kanun çykaryjy ulgamymyzyň hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge, hukuk ulanyş tejribesinde gözegçilik wezipesini amala aşyrmaga, kanunlaryň we maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge ýardam berýär.
Şu günler milli mukaddesligimiziň baýramy bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly dabaralara beslenýär.
.
Isgender SAPAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler