Gyz edebi-il edebi

Türkmen gyzy diýlende sypaýy, näzik, mähir dünýäsiniň eýesi göz öňüne gelýär. Asylzadalygyň asyl nusgasy bolan ene-mamalarymyzdan gaýdýan watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, pähim-paýhaslylyk, salyhatlylyk, ahlak taýdan päklik ýaly häsiýetler gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip geldi. Şol milli häsiýetleri ýaş nesillerimize uly buýsanç bilen geçirmek, ýaşlarymyzyň kalbynda bu mukaddeslige söýgi döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň okuw jaýlarynda, edara-kärhanalarynda wagyz-nesihat mazmunly duşuşyklar yzygiderli gurnalýar.

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Gyz edebi-il edebi” atly dabaraly maslahat geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň Ýaşulylar geňeşiniň işjeň agzasy Ogulnabat Owlakowa “Zenan mertebesi”,  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewa “Bagşyçylyk sungatynda zenan waspy”, “Jemgyýeti öwreniş” kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowa “Mirasym-buýsanjym”, “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy Mähri Hojaýewa “Ýaşlarda ruhy dünýägaraýyş gymmatlyklary” mowzuklary boýunça çykyş etdiler. Duşuşygyň dowamynda zenan edebi we mertebesi, ony gorap saklamak,  nesil terbeýesi,  ruhy-ahlak ýörelgelerimiz barada edilen gürrüňler çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de “Bagşyçylyk sungaty”  kafedrasynyň talyplary Güljemal Çakanowa, Akjemal Halmyradowa dagylaryň çäräniň dowamynda  ýerine ýetiren  halk aýdymlary duşuşygyň has-da täsirli geçmegine ýardam berdi.

.

Ogulnabat Berdiýewa,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň IV ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok