Şöhraty jahana ýaýran dutarym

Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, medeniýetimizde, sungatymyzda uly ösüşler gazanylýar. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý medeni mirasy bar. Milli medeni mirasymyzyň esasy şahalarynyň biri-de aýdym-saz sungatydyr. Türkmen halkynyň saz sungaty diýlende, ilki bilen gulagyňda dutaryň şirin owazy ýaňlanýar. Milli saz guralymyz bolan dutar türkmeniň ömürboýy ýanynda bolup, toý-baýramlaryny ajaýyp mukamlar bilen bezese, döwüş güni uly ruhy goldaw beripdir, hatda dawa-jenjeliň öňüni alyp, ony parahatçylykly ýol bilen çözmäge ýardam beripdir. Bu barada  Türkmenistanyň Prezidenti özüniň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda: “Häzir, syýasy nukdaýnazardan çylşyrymly döwürde biz dünýä ýüzünde “sungat dawadan üstün çykýar, dutar bolsa ýaragdan rüstem gelýär” diýen düşünjäni aňynda berkiden millet hökmünde çykyş edýäris. Hut şonuň üçin men “bitaraplyk” diýenimde, gözlerimiň alnynda Şükür bagşynyň eli dutarly keşbi janlanýar” diýip belläp geçýär. Hakykatdan hem, türkmen öz gara gazmasyny hiç haçan ýanyndan aýyrmandyr, oňa wepaly dost hökmünde garap, gözüniň göreji ýaly gorap saklapdyr. Ata-babalarymyzdan bize miras galan mukaddes ruhy baýlygymyz bolan dutarda saz çalmak we aýdym aýtmak sungatynyň asyrlaryň dowamynda taraşlanyp, nesilden-nesle geçip, ýitirilmän şu  günlerimize gelip ýetmeginde Garadäli gökleň, Gulgeldi ussa, Amangeldi Gönübek, Hally bagşy, Şükür bagşy, Sary bagşy, Täçmämmet Suhangulyýew, Kel bagşy, Nobat bagşy, Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Ödenýaz Nobatow, Magtymguly Garlyýew, Nurberdi Gulow, Çary Täçmämmedow ýaly ägirt halypalaryň çeken zähmeti örän uludyr.

Umuman aýdylanda, medeniýet, sungat umumyadamzat durmuşynda wajyp orny eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, Halkara guramasy bolan ÝUNESKO halklaryň bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky gymmatlyklaryny gorap saklamakda işleri alyp barýar. Bu guramanyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna ýurdumyzyň “Gadymy Merw” (1999 ý.), “Köneürgenç” (2005 ý.) döwlet medeni-taryhy goraghanalary,  “Nusaýyň Parfiýa galalary” döwlet medeni-taryhy ýadygärligi (2007 ý.),  guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna “Görogly” şadessanymyz (2015 ý.), “Küştdepdi”  türkmen milli aýdym-tans sungatymyz (2017 ý.), şeýle hem türkmen milli halyçylyk sungatymyz (2019  ý.) girizildi. ÝUNESKO-nyň goramak boýunça Hökümetara komitetiniň geçen ýylyň 13-18-nji dekabr aralygynda onlaýn görnüşinde geçiren 16-njy mejlisinde bolsa, guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna halkymyzyň “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” girizilmegi bizi örän begendirdi, buýsandyrdy. Çünki, bu türkmen halkymyzyň milli sungatynyň dünýä nusgalyk dereje kämildiginiň ýene bir gezek subut edilendigini aňladýar.

Bular dogrusynda ýakynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Merkezi geňeşi tarapyndan  çäre geçiridi. Dabaranyň dowamynda milli medeniýetimiz, saz sungatymyz, saz gurallyrymyz we olaryň taryhy gelip çykyşy, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we aýdym aýtmak sungaty barada gyzykly gürrüňler edildi.

Milli saz guralymyz bolan dutar türkmen halkynyň buýsanjy bolup durýar, onda ýerine ýetirilýän aýdymdyr sazlarda halkymyzyň taryhy geçmişi, şöhrata beslenen şu güni wasp edilýär. Goý, gazma dutarymyzyň perdelerinden çykýan mahmal owazlar gülläp ösýän zamanamyzyň sesine ses goşup, beletden ýaňlansyn, milli sungatymyzyň halkara abraýy has-da artsyn!

.

Ogulnabat Berdiýewa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň IV talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok