Her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni hökmünde baýramçylyklaryň hataryna goşuldy we döwlet derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.
“Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bu sene has-da uly şatlyga beslenip, ajaýyp bahar paslynyň gözelligi bilen utgaşyp, her bir ildeşimiziň merjen şäherimize bolan buýsanjyny joşdurar. Halkymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuny uly zähmet üstünliklerine beslemek üçin ulydan taýýarlyk görýär.
Aşgabat – ähli ildeşlerimiziň iň söýgüli şäheri. Gahryman Arkadagymyz “Ak mermere bürenen şäherimiz gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen görenleri haýran galdyrýar” diýip, buýsanç bilen belleýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen paýtagtymyz halkara sergileriň, duşuşyklaryň, festiwallaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň we beýleki halkara derejeli medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde durmuşa geçirilýän döwrebap hem gaýtalanmajak ösüş-özgerişler, bitirilýän asyrlara barabar işler paýtagtymyzyň köpugurly ösüşini üpjün etmek bilen, mähriban halkymyzy ruhy taýdan galkyndyrýan, ak şäherimize bolan söýgini, buýsanjy artdyrýar. Ählimiziň bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň paýtagtynyň çäkleri giňeldildi. Aşgabat dünýä derejesindäki iri şäherleriň birine öwrüldi. Aşgabadyň özboluşly desgalary Ginnesiň bütindünýä rekortdlar kitabyna on bir gezek girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysaldydyr.
140 ýaş ýubileý toýuny garşylmagyň bosagasynda duran ak şäherimiz bu gün wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýär. Paýtagt şäherimiz diňe bir ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolmak bilen çäklenmän, bütin dünýäde gözelligiň gaýtalanmajak nusgasyna öwrüldi. Onuň gündizki görki adamlaryň kalplaryny heýjana getirýär.
Golaýda açylyp ulanylmaga berlen gojaman Köpetdagyň eteginde oklow ýaly uzalyp gidýän Çandybil şaýolunyň ugrundaky Halkara kongres merkeziniň binalar toplumynyň, şeýle hem baş şäherimiziň şu böleginde gurulýan “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň täze edara binalarynyň ulanylmaga berilmegi bilen ol desgalaryň üsti ýetiriler.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Aşgabady has-da ösdürmek we abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzyň gözelligini hil taýdan täze derejä çykarmak işinde gurluşyk we binagärlik ulgamynda hem-de iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmak giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda esasy wezipeler bolup durýar. Şeýlelikde beýik, owadan binagärlik toplumlary, giň şaýollary, ýokary amatly ýaşaýyş jaýlary, gök zolokly seýilgähleri, köp sanly köpöwüşginli suw çüwdürimleri bolan paýtagtymyz gysga döwrüň içinde Aziýanyň hakyky merjenine öwrüldi.
Şu ýylda paýtagtymyzda durmuş maksatly binalaryň ençemesi halkyň hyzmatyna berler. Paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrunda gurulýan Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumyna bolsa, hut paýtagtymyzyň adyny dakmak teklip edildi. Aşgabadyň şanyna şan goşjak desgalarynyň gurluşygy toplumlaýyn alnyp barylýar. Dünýä parahatçylyk nuruny paýlaýan ýurdumyzyň ýüregi mermer paýtagtymyz halkymyzyň geçmişini şu gününi we geljegini şöhlelendirýän ajaýyp şäherdir.
.
Meýlis Ahmedow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Teswirler