2020-nji ýylyň 10-njy oktýbary – Bütindünýä göçüp barýan guşlar güni!
(her ýylyň maý we oktýabr aýynyň 2-nji şenbesi)
Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň kepili!
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan Türkmenistanyň ekologiki strategiýasy jemgyýeti daşky gurşaw bilen sazlaşykda ösdürmäge, onuň tebigy baýlyklaryny goramaga, olary aýawly we rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Bu ugur döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda “Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynyň” esasyny düzdi. Bu resminamalarda ýurdumyzyň milli hem-de tebigy-howa aýratynlyklary, ýakyn geljek üçin niýetlenen ekologiýa syýasaty, bu ugurda halkara maksatnamalaryndan we konwensiýalaryndan gelip çykýan wezipeler nazara alyndy.
Ýurdumyzda biologik köpdürlüligi goramak, ozaly bilen goraghanalary döretmek we beýleki çäreler arkaly goramak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamy kenarýaka çäkleriň ýer we suw serişdelerini hem-de suwly-batgalyk ýerleri gowulandyrmaga, goramaga we rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Biziň ýurdumyz geografik taýdan ýerleşişine görä, ählumumy bioköpdürlüligi goramakda we biosfera işlerini goldamakda möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanyň çäginiň guşlaryň höwürtgeleýän ýerleriniň (Gündogar Ýewropa, Gazagystan, Günbatar Sibir) we gyşlaýan ýerleriniň (Günorta Aziýa, Arabystan, Afrika) arasynda aralyk ýagdaýy eýelemegi, hawýanat dünýäsiniň dürli toparlara eýe bolmagy netijesinde, olaryň möwsümleýin göçüp-gonmagy uzak wagta çekýär: ýazda-fewral aýynyň ortasyndan maý aýynyň ahyryna çenli, güýzüne—iýulyň ahyryndan dekabryň başyna çenli dowam edýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň çäginde guşlaryň uçup geçýän iri ugurlarynyň ikisi—Gündogar Ýewropa-Günorta Aziýa hem-de Günbatar we Merkezi Sibir—Arabystan-Afrika ugurlary kesişýär. Guşlar uly topar bolup uçmagyna garamazdan, ekologik taýdan amatly ýerleri – derýalaryň hanalaryny, dag jülgelerini, deňiz ýakalaryny saýlap alýarlar.
2015-nji ýylda BMG-niň Durnukly ösüş boýunça sammitinde kabul edilen maksatnamalaýyn resminama – “2030-njy ýyla çenli ösüş ulgamynda gün tertibi” ählumumy maksatlaryň 17-sini hem-de olar bilen bagly wezipeleriň 169-syny birleşdirýär. Häzirki wagtda olary durmuşa geçirmäge dünýä bileleşiginiň tagallalary gönükdirilendir. Olaryň hatarynda suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek, ummanlary, deňizleri we olaryň serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak, çölleşmäge garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi saklamak we beýleki wezipeler bar.
Dünýädäki jemgyýetçiligi göçüp barýan guşlar, göçüp barýan guşlaryň abanýan howplary, ekologiki ähmiýeti we olary gorap saklamak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň zerurlygy barada habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen her ýylyň maý we oktýabr aýynyň ikinji şenbesine Bütindünýä göçüp barýan guşlar gününi belleýär. Bu sene esasan hem Göçüp barýan görnüşler baradaky Konwensiýanyň hem-de Göçüp barýan guşlar baradaky Afrika-Aziýa şertnamasynyň howandarlygynda geçirilýär. Bu halkara şertnamalaryň ikisi hem Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň bir bölegidir.
Bu ýylky Bütindünýä göçüp barýan guşlar güni “Guşlar dünýämizi birleşdirýär” diýlip atlandyrylmak bilen, göçüp barýan guşlaryň ýaşamagy we abadançylygy üçin zerur bolan tebigy deňagramlylygy goldaýan ekoulgamlarynyň ekologiki bitewiligini saklamagyň we dikeltmegiň ähmiýetini görkezmek üçin saýlandy.
Ýurdumyzda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy üstünlikli durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda bu netijeli hyzmatdaşlyk täze derejä çykyp, täze gatnaşyjylary hem-de hyzmatdaşlary özüne birleşdirýär. Munuň şeýle bolmagyna halkara hukugyň kadalaryna kybap gelýän Türkmenistanyň “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Tokaý kodeksi”, “Balykçylyk we suw biologik serişdeleri goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” we beýleki Kanunlary ýardam berýär.
Soňky ýyllarda Hazar deňziniň türkmen kenarynda mesgen tutan guşlaryň görnüşleri sebit üsin täze görnüşleriň hasabyna baýlaşdy. Şunda howanyň üýtgemeginiň mümkin bolan täsiri bilen bir hatarda amatly ekologik şertler uly orun eýeleýär. Ýurdumyzyň demirgazyk-günbatar böleginde, Garagumuň jümmüşinde gurulýan “Altyn asyr” Türkmen kölündäki gidrotehniki desganyň hem-de suw howdanyny şor suwlary bilen doldurýan zeý suw akabalarynyň bolmagy netijesinde ýurdumyzda suwly-batgalyk ýerleriň çägi giňelýär. Şunda Türkmen kölüniň orny öz geografik taýdan ýerleşişi boýunça täsindir. Munuň özi ýabany haýwanat dünýäsiniň serişdelerini, hususan-da, suwda ýüzýän guşlary aýawly saklamak we artdyrmak üçin möhümdir. Göçülýän döwürde “Altyn asyr” kölüniň töwereginden suwly-batgalyk ýerlerde ýaşaýan guşlaryň köpsanlysy uçup geçýär. Suw howdany daşky gurşawa, şol sanda guşlaryň görnüşleriniň artmagyna oňaýly täsir edýär. Türkmenistanyň tebigy baýlyklary döwlet tebigaty goramak maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň we durnukly ykdysady ösüşiň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň geljek üçin öňde goýan wezipeleri ekologiýa ulgamynyň ähli düzümlerini, şol sanda seýrek duş gelýän az sanly we ýitip barýan görnüşleri aýawly saklamakdan we artdyrmakdan, şeýle hem eziz Watanymyzyň tebigatyny has-da baýlaşdyrmakdan, ony geljekki nesiller üçin gorap saklamakdan ybarat bolup durýar.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy
Teswirler