2025-nji ýylyň 15–17-nji aprelinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) Ýaşlar forumy Nýu-Ýork şäherinde geçirildi. Türkmenistan bu forumda Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar wekiliýeti bilen gatnaşdy.
“Türkmenistan: Altyn asyr” saýtynyň berýän maglumatlaryna görä forumyň çäginde, 16-njy aprelde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Bu çäre, ýaşlaryň parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerindäki ornuny güýçlendirmek boýunça BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2250-nji kararnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlandy.
Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, ýaşlar diplomatiýasynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm guraldygyny nygtady. Şeýle hem, Azat Ataýew Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty boýunça strategiýasy barada çykyş edip, ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün edýän kanunçylyk we döwlet maksatnamalary barada maglumat berdi.
Forumyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş sekretarynyň ýaşlar meseleleri boýunça kömekçisi Felipe Paulýer, UNFPA-nyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Diýen Keýta, we ÝUNESKO-nyň wekili Eliot Minçenberg bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda bilelikdäki bilim we innowasiýa maksatnamalary arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň dowamynda gatnaşyjylar Arkadag şäherinde başy başlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogy barada taýýarlanan wideoşekilleri görüp, bu başlangyjyň sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetini bellediler.
Türkmenistanyň wekiliýeti forumyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, garyplygy ýok etmek we bilime elýeterliligi üpjün etmek meselelerine bagyşlanan umumy mejlislerine, şeýle hem Katar Döwleti, Russiýa Federasiýasy we Özbegistan tarapyndan guralan ugurdaş mejlislere işjeň gatnaşdy.
Forumyň netijesinde, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň gatnaşýan ýurtlarynyň wekilleri tarapyndan bilelikdäki beýannama kabul edildi we geljekki duşuşyklaryň nobatlaýyn geçirilmegi baradaky düzgünnama tassyklandy.
Allamyrat GAPUROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň III ýyl talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.
Teswirler