Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň her bir güni Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda toýdur – baýramlara, şanly senelere beslenýär. Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde hem uly ruhubelentlige beslenip geçirilýän halkymyzyň buýsanjy, ýurdumyzyň bezegi bolan türkmen behişdi bedewlerimiziň milli baýramy döwlet derejesinde uludan toýlanýar.
Dünýä bedewleriniň naýbaşysy hasaplanylýan ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasy, göz-guwanjy milli-mirasy bolup durýar. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, gözelligiň, sagdynlygyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň at-owazasy, şan-şöhraty ýokary galýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň zynaty bolan Türkmen ahalteke bedewlerimiziň waspyny taryp etmedik ynsan ýok bolsa gerek. Ine, şeýle ajaýyp döwrümiziň bezegi bolan behişdi bedewlerimiziň baýramy bu gün ýurdumyzda uludan bellenilýär.
Sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyp ýaşlary we ussat mugallymlary hem öz sungat eserleri bilen gatnaşýarlar. 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-na ajaýyp döwrümiziň baýramçylyk günleri mynasybetli “Parahat ýurdumda türkmen bedewiň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly döredijilik sergisi geçirildi. Her ýylda asylly däbe öwrülen milli buýsanjymyz bolan gamyşgulak bedewlerimiziň waspy ussat mugallymlarymyz, ýaş suratkeşlerimiz, talyp ýaşlarymyz tarapyndan giňden beýan edilip, olaryň eserleri sergilenip halkymyza hödürlenýär. Halypa suratkeşlerimiz bilen bilelikde, zehinli talyplarymyz şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary boýunça ahalteke bedewlerimizi wasp etmekde öz ukyp başarnyklaryny orta atýarlar. Baýramçylyk sergisinde behişdi bedewlerimiziň çeper keşbi nakgaş, grafika, heýkel we amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlarynda ýerine ýetirilmegi bilen çäklenmän binagärlik we dizaýn sungatynda hem içgin ornaşdyrylan işleri görmek bolýar. Şonuň ýaly döredilen gözellikleriň waspyny ýaş sungaty öwrenijileriň beýan etmeginde hem bu dabaraly sergi has-da baýlaşýar. Sergiler zalymyzyň diwarlaryny bezäp duran eserlerden Owgan Owganowyň “Bedewler”, Mähriban Jumaýewanyň “Dabaraly ýöriş”, Toýlymyrat Jumamyradowyň “Parahatçylygyň nyşany”, Rozybaý Kurbanberdiýewiň “Älemi gezen bedewler”, Gurbangül Öwezberdiýewanyň “Merdana”, Baýmyrat Samadowyň “Bedew”, Merjen Atanazarowanyň “Bagtyýar güneş”, Enejan Rahymowanyň “Bedew at halkyň myrady” ýaly ýerine ýetirilen işlerini görkezmek bolar.
Milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň şan – şöhratynyň dünýä derejesinde dabaralanmagy ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin! Türkmen bedewleriniň bagtyň owazasyna meňzeş kişňemesi toý-baýramlarymyzda hemişe ýaňlanyp dursun.
Çemen ANNAMURADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
Akademiýasynyň mugallymy.
Teswirler