«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnaly täze sanyny okyjylara ýetirip, bu neşir ýaşlaryň döwrüň möhüm wakalaryndaky sesini ýetirýär. Neşiriň täze sany «Türkmen halkynyň milli buýsanjy» diýen şygyr bilen açylýar we onda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda gazanan üstünlikleri beýan edilýär. Şeýle hem diplomatiýa işgärleriniň gününiň ähmiýetine, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we nesil terbiýesine degişli makalalar ýerleşdirilýär.

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň şu sanynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda alnyp barylýan işler, «Inžener pedagogikasy» we «Işgärler» atly web saýty barada gyzykly maglumatlar bar. Neşiriň iňlis dilindäki makalasy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanylýar.

Şeýle hem okyjylar «Gorkut ata» eposynyň Berlin nusgasy, türkmen bitaraplygynyň aýratynlyklary we taryhy şahsyýetlerimiz baradaky makalalar bilen tanyşyp bilerler.

Neşiriň täze sanynda şygyrlar «Ertir bahar gelýär» atly şahyrana ýazgy, krossword we mart aýynyň täleýnamasy hem ýerleşdirilipdir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok