Kadaly uky – sagdyn durmuşyň esasy şerti

Uky adamyň saglygy we bedeniniň kadaly işlemegi üçin iň möhüm faktorlaryň biridir. Adam ukuda wagty bedende dikeldiş we sagaldyş hadysalary hereket edýär. Şonuň üçin ulular üçin ortaça 8 sagat, çagalar üçin bolsa 10 sagat uklamak maslahat berilýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, kadaly uky diňe bir bedeniň dynç almagyna däl, eýsem, adamyň ruhy ýagdaýynyň gowulanmagyna hem ýardam berýär.

Uky döwründe merkezi nerw ulgamy seljerme tapgyryna geçip, bedeni ertirki güne taýynlaýar. Bu wagtyň dowamynda ýürek-damar, dem alyş we iýmit siňdiriş ulgamlary sazlaşykly işläp, organizmiň durnuklylygyna oňyn täsir edýär. Häzirki döwürde daşky gurşawyň bedene ýetirýän täsirleriniň köpelendigini göz öňünde tutup, günüň dowamynda 15-45 minut aralygynda uklamak, gysgaça dynç almak maslahat berilýär. Alymlaryň bellemegine görä, ukynyň dowamlylygy däl-de, onuň hili adam bedeniniň doly dynç almagy üçin has möhüm hasaplanýar.

Uky ýetmezçiligi bolsa merkezi nerw ulgamynyň işiniň bozulmagyna, ýürek-damar, iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleriniň döremegine, semizlige, dartgynlylyga sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin ukyny üýtgetmek ýa-da gijä galyp ýatmak saglyga ýaramaz täsir edýär. Uky organizmiň emosional ýagdaýyny kadalaşdyryjy funksiýasyny ýerine ýetirýär. Şonuň üçin adam sagdyn uky alandan soň, irden oýanan wagty rahatlyk we ýeňillik duýýar.

Şeýle-de 2008-nji ýyldan bäri her ýylyň mart aýynyň ikinji anna gününden bäri Bütindünýä uky güni hökmünde bellenilýär. Bu bolsa adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermäge we ukynyň ähmiýetine üns bermäge çagyrýar.

Jennet ILAMANOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Psihiatriýa we Narkologiýa
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok