Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi we intellektual mümkinçilikleriniň kämilleşmegi üçin, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Bilim – üstünlige eltýän ýol” atly ders bäsleşigini geçirýär.
Bäsleşik Matematika, Fizika, Himiýa we Biologiýa dersleri boýunça orta mekdepleriň 10–12-nji synp okuwçylarynyň arasynda iki tapgyrda guralar. Bäsleşigiň tapgyrlary
1-nji tapgyr: Telebäsleşik görnüşinde geçirilip, turkmentv.gov.tm saýty hem-de SMS ulgamy arkaly guralar.
Okuwçylara test görnüşinde 60 sorag berler, şonuň 50-sine dogry jogap berenler bäsleşigiň 2-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
2-nji tapgyr (jemleýji final): Aşgabat şäherinde geçirilip, oňa gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylara ýörite SMS arkaly habar berler.
Bäsleşige göni final tapgyryndan gatnaşyp biljek okuwçylar:
– 2024–2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň guramagynda geçirilen ders bäsleşikleriniň ýeňijileri;
– Döwlet derejesindäki ders bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlarynyň ýeňijileri;
– Bilim ministrligi tarapyndan halkara bäsleşiklere gatnaşmaga saýlanylan okuwçylar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan diplomlar we höweslendiriji sylaglar gowşurylar.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Hasaba durmak üçin 0530 gysga belgisine S25 koduny iberip bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: • Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44 -85 -42 •
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirligi: 44 -24 -97
Teswirler