«Gyz kasamy» atly kinofilm surata düşürilýär

Şu günler Lebap welaýatynyň çäklerinde režissýor Sahysalyh Baýramowyň «Gyz kasamy» atly kinofilminiň surata düşüriliş işleri dowam edýär. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň täze filmi Halaç, Hojambaz, Saýat, Kerki etraplarynda surata düşürilýär.

Kinofilm Hojambaz etrabynda bolan waka esasynda surata düşürilip, onda agyr hupbatlary başyndan geçiren gyzyň ykbaly janlandyrylýar. Uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken gelin-gyzlaryň hataryndaky Arzygülüň eden kasamy, onuň erkek doganyna ygrary beýan edilýär. Kinofilmde baş keşbi Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artisti Aýna Rozyýewa ýerine ýetirýär. Şeýle-de kinofilmiň dürli sahnalarynda Türkmenistanyň halk artisti Babageldi Rejepow, Umida Hemraýewa, Bagsere Röwşenowa, Gülbahar Gurbankulyýewa ýaly teatryň artistleri we welaýatymyzyň ýaşaýjylary surata düşýärler.

Häzirki günlerde bolsa Saýat etrabynda surata düşüriliş pursatlary dowam edýär. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan bu filmi ýakyn günlerde tomaşaçylara hödürlemek meýilleşdirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok