Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen berkarar ýurdumyz dünýä halklarynyň abadançylygy, rowaçlygy we ösüşi ugrunda tutumly işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi ata Watanymyzyň parahatçylyga we ösüşe daýanýan diplomatiýasynyň dünýä möçberinde dabaralanmagydyr hem-de ykrar edilmegidir.
Bilşimiz ýaly, Bitarap Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýar. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri Türkmenistan bu halkara guramanyň doly hukukly agzasy bolmak bilen birlikde, möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Kararnamalaryň kabul edilmegi hem muny aýdyňlygy bilen görkezýär. Bu ýylda hem Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda möhüm ädimleri äder. Türkmenistanyň halkara abraýy şanly ýylda has-da artar. Ýylymyzyň ajaýyp şygary hem-de durmuşa geçirilýän beýik işler ähli watandaşlarymyzy yhlasly we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
2025-nji ýyl halkara derejede ýene bir möhüm senäniň bellenilýän ýylydyr. Bu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 80 ýyl dolýar. Bu hem dünýä taryhynyň ösüşine uly täsir eden wakadyr. Şu geçen döwrüň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy parahatçylyk ýörelgelerini ýaýmakda esasy merkez bolup, ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryň çözgüdini tapmakda her bir döwletiň öz sesi bilen çykyş etmegine mümkinçilik berýän täsirli münbere öwrüldi.
Goý, başymyzyň täjine deňeýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dowamat dowam bolsun! Türkmen halkynyň abraý-mertebesiniň has-da belende galmagy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!
Sülgün NURGELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler