Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yglan eden “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly hem-de “Ylymlar güni” mynasybetli ýurdumyzyň 35 ýaşa çenli ähli ýaş raýatlaryň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan edýär. Ýaşlar bäsleşige web sahypalarynyň we programma üpjünçilikleriniň, mobil goşundylaryň, robotlaryň, elektron enjamlaryň işjeň ýagdaýyndaky nusgasyny, sanly we innowasion ykdysadyýetiň modellerini, hyzmatlaryň innowasion görnüşlerini, himiki we biotehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk we maglumat tehnologiýalar boýunça taslamalary, oba hojalygy, lukmançylyk we ş.m. beýleki islendik ugurlar boýunça öz işlerini we pikirlerini hödürläp bilerler. Teklip edilýän taslamalaryň täze pikirleriň esasynda döredilen ýa-da kämilleşdirilen bolmagy hökmanydyr.
Geçen ýyl bu bäsleşige ýurdumyzyň ýaşlarynyň 1000-den gowragy gatnaşyp, ýeňijiler ýörite sowgatlar bilen sylaglandy. Şu ýyl hem bäsleşik geçen ýylky ýaly 2 tapgyrda geçirilýär. Şoňa laýyklykda I tapgyra gatnaşmaga isleg bildirýänler öz taslamasy baradaky maglumatlary şu ýylyň 1-nji apreline çenli Google–form (https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLScJELqCTF5L6x_OyyV1_P_63O1E7bo4o0W4pqzpBEDfODgkyg/viewform?usp=header) sahypasyna ýa-da oguztaslama2025@gmail.com elektron poçtasyna ýüzlenmek arkaly hasaba durmaly. Bäsleşige şahsy we toparlaýyn görnüşde gatnaşmaga rugsat berilýär (toparlaýyn görnüşde gatnaşýanlaryň adam sany 3-den köp bolmaly däldir we toparyň ýolbaşçysy we agzalary anyk görkezilmelidir). Hasaba alnan gatnaşyjylar taslamasyny doly görnüşde taýýarlap, onuň işjeň ýagdaýy baradaky beýany prezentasiýa görnüşinde (mümkin bolsa goşmaça 1-3 minutlyk düşündirişli wideo ýazgy) 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Google-form:
(https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSdOv5nX5XMgq4nq76VdivZ630ZP865y1HjzoyxgHYrT_-3uFw/viewform?usp=dialog) sahypasyna ýüzlenmek arkaly ýüklemeli ýa-da oguztaslama2025@gmail.com elektron poçtasyna ibermeli. Netijeler 2025-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli Guramaçylyk topary tarapyndan yglan ediler we bu barada Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň (etut.edu.tm) internet sahypasynda hem-de gatnaşyjylara jaň üsti bilen ýa-da sms ugratmak arkaly habar berler.
II tapgyrda I tapgyryň ýeňijileri 2025-nji ýylyň 5-12-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde gurnaljak innowasion tehnologiýalaryň sergi-bäsleşigine öz işleri bilen gatnaşarlar. Bu sergi bäsleşigine ýurdumyzyň görnükli alymlarynyň we öňdebaryjy telekeçileriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Bu tapgyryň ýeňijileri 2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirýän Halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar bilen sylaglanarlar (1 sany Baş baýrak, 2 sany I ýer, 3 sany II ýer, 4 sany III ýer). Şeýle hem, ýeňijilere Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan okuwa girmekde, işe ýerleşmekde zerur bolan teklip haty (Recommendation letter) gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+99364973936,
+99363647081,
+99365031996,
+99365873093,
+99364493354,
Elektron poçta: oguztaslama2025@gmail.com
Web sahypa: etut.edu.tm
Teswirler