«Hakyda göwheri» – nesilleriň ylham çeşmesi

Mälim bolşy ýaly, ähli ugurlar babatda bize nusgalyk mekdep, ýol-ýörelge Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň asylly döredijilik işi bolan “Hakyda göwheri” atly kitabynyň çapdan çykmagy, we onuň türkmen we iňlis dillerinde neşir edilmegi diýseň buýsandyryjy waka bolup, bu kitap Alym Arkadagymyzyň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Bu ajaýyp kitapda merdana türkmen halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly taryhy ýolunyň, dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşandynyň, taryhda yz goýan görnükli şahsyýetlerimiziň miras galdyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly iňňän täsirli beýan edilýär. Bu gymmatly, baý many-mazmunly eser islendik ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretmek bilen, gysga wagtda bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri girişden we “Taryha syýahat”, “Ruhy miras” atly iki bapdan ybarat bolup, olarda şöhratly taryhymyz bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz, milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklarymyzyň köpöwüşginliligi hakynda gürrüň berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesillerimizi Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze eseriniň mazmuny we onuň ähmiýeti bilen tanyşdyrýan dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Kitapda beýan edilen pikirler we garaýyşlar ýaş nesliň öz halkynyň şöhratly taryhyna, medeniýetine we sungatyna bolan buýsanjyny has-da artdyrýar, ýaş nesliň watançylyk we ahlak terbiýesine we jemgyýetde sazlaşykly ösmegine uly goşant goşýar. «Hakyda göwheri» kitaby türkmen halkyny, aýratyn hem ýaşlary uly-uly üstünliklere, ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge ruhy güýç bolup hyzmat edýär.

Ýaňy-ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutymyzda hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleriniň, bilim ulgamynyň at gazanan işgärleriniň, welaýatyň bilim we usulyýet birleşikleriniň bölümleriniň ylmy işgärleriniň, şeýle-de ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň watançylyk, bilim we terbiýeçilik ähmiýetine bagyşlanan okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Onda kitabyň türkmen halkynyň baý taryhyny, milli aýratynlyklaryny hem-de ruhy gymmatlyklaryny giňden açyp görkezýändigi, kitabyň terbiýeçilik maksatlary we okatmagyň usulyýetinde olaryň ulanylyşy barada giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiziň ähli ylmy-filosofik işleri we çeper eserleri geljek nesiller üçin gymmatly hazynadyr. Alym Arkadagymyzyň eziz watandaşlarymyza serpaý eden eserleri halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlygydyr. “Hakyda göwheri” atly kitap hem Milli Liderimiziň ýiti galamyndan syzylyp çykan, halkymyzyň şöhratly taryhy hakynda toplan maglumatlarynyň özboluşly paýhas ummanydyr, her birimiz üçin döredijilik şamçyragydyr. Eziz halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän bu eser ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr, nesilleriň ylham çeşmesidir. Biz hem, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza mundan beýläk-de galamynyň ýiti, döredijilik äleminde gadamynyň dowamat-dowam bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Aýna ÝOLDAŞEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Roman-german dilleri we edebiýaty
fakultetiniň iňlis dili we edebiýaty
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok