Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde elimize gowuşmagy üstümizdäki ýylyň rowaç menzillerine we şanly ösüşlerine belent badalga boldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bu kitabyň many-mazmunyna Magtymgulyny öwreniş ylmynyň döreýşi we ösüşi, akyldaryň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmegiň hem-de öwretmegiň usullary, şahyrymyza bagyşlanan dürli işler, şeýle hem 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurda ýurdumyzda hem-de halkara derejede amala aşyrylan işler hakdaky saýlama söhbetlerimi girizmegi makul hasap etdim» diýip belleýär. Hakykatdan hem, döwlet Baştutanymyzyň bu eseri beýik akyldaryň dünýäsini, adamzada goýup giden gymmatly edebi mirasyny öwrenmegiň we öwretmegiň nazaryýeti bolup çykyş edýär.
Pyragynyň eserleri indi ençeme onýyllyklar bäri ýygnalyp, seljerilip, dünýä dillerine terjime edilip, çap edilip, öz halkymyza we beýleki halklara ýetirilýär, öwrenilýär hem-de öwredilýär. Onuň durmuş ýoluny, döredijiligini, dünýägaraýşyny beýan edýän düýpli çeper we ylmy-filosofik eserler döredildi. Ýöne hormatly Prezidentimiziň kitabynda belleýşi ýaly: «Magtymguly Pyragy hakda köp zatlar aýdylan hem bolsa, ol hakda indi aýtmaly zatlaryň welin has köpdügini ykrar etmelidiris». Bu zerurlyk beýik akyldaryň öz döwründe öňe süren oý-pikirleriniň adamzadyň şu günki durmuşynda bar bolan we döreýän gaýragoýulmasyz meseleleri adamyň aňlamagy we olaryň çözgütlerini dünýä derejesinde tapmagyň gerekligi bilen bagly.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň deňsiz-taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler uly üstünliklere beslenýär, berkarar döwletimiziň mizemezligi, halkymyzyň agzybirligi, jebisligi barha berkeýär. Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşaýar. Bir supranyň başyna jemlenen halkymyzyň tutýan toý-baýramlarynyň dabarasy dagdan aşýar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher zehininden syzylyp çykan täze kitaby tutuş halkymyzyň öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini çeper wasp eden türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna, onuň dürdäne şygryýetine goýýan belent sylag-sarpasyny äşgär edýär. Biz dünýä akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň çuň many-mazmunyny açyp görkezýän ajaýyp eseri halkymyza sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Aýlar DURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler