Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna, Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem, Ukrainanyň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine flanel matasy, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri ýerlenildi.
Bu söwdalaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy. Şeýlelik bilen, Türkmenistanda içerki bazar üçin binýatlyk ýagy, nebit galyndylary, nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» Döwlet kärhanasy) we nah ýüplügini, el halylaryny satyn alan işewürler üçin ýene-de 20 million 11 müň manatdan gowrak geleşikler baglaşyldy.
Geleşikleriň umumy bahasy, ýokary haryt çeşmeleri we içerki ykdysadyýetiň ösüşi bilen baglanyşykly bolup, Türkmenistan üçin biziň halkara ykdysady gatnaşyklarymyzyň has-da güýçlenýändigini görkezýär.
Dawut BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler