Türkmenistanyň Milli talyplar we elektron sport federasiýalarynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda innowasion sport hepdeligine badalga berildi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň hereketli we sanly, şeýle hem elektron sporty görnüşlerinden geçiriljek ýaryşlar geljek ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Geljegiň oýunlary” atly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrlarynda çykyş etjek zehinli türgenleri ýüze çykarmaga ýardam eder.
Bu ýaryşlaryň esasy wezipesi ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekden, sanly ulgamy netijeli peýdalanmaga gönükdirmekden, ýaşlaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmaga ýardam bermekden, bu ugurda zehinli türgenleri ýüze çykarmakdan, sanly sport boýunça özara tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr.
Häzirki zaman ýaşlarynyň gyzyklanmalaryna doly gabat gelýän şeýle sport görnüşleri sport ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň we emeli aňyň netijeli ulanylyşyny ýola goýmakda möhüm orny eýeleýär.
Merjen AZİZJANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler