Gyzyl kitap hakynda

Gyzyl kitap bu wagtlaýyn hereket edýän resminama görnüşinde bolup onda ösümlikleriň we haýwanlaryň ýaşamagy üçin howply ýagdaýlaryň dörän mahalynda olary goramak boýunça maglumatlaryň üsti ýetirilýär.

Gyzyl kitabyň halkara, milli (döwlet derejesinde) we ýerli nusgalary bardyr. Ilkinji Gyzyl kitap Tebigaty goramagyň bütindünýä bileleşigi tarapyndan 1966-njy ýylda döredildi. Onuň ştab kwartirasy Şweýsariýada ýerleşýär. Bu bileleşigiň düzümine 84 döwlet agza bolup tebigy biodürlüligi goramak üçin müňlerçe alymlar zähmet çekýär. Biziň Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem bu bileleşigiň işjeň agzasy.

Türkmenistanyň ilkinji Gyzyl kitaby 1985-nji ýylda çap edilýär. 1999-njy ýylda bolsa iki tomdan ybarat bolan ikinji neşiri çap edildi. 2011-nji ýylda üçünji neşiri çap edilip ol hem iki tomdan ybaratdyr.

Gyzyl kitaba atlary ýazylan ösümlikleriň we haýwanlaryň her bir görnüşi baradaky maglumatlar aşakdaky yzygiderlikde bellenilýär:

  • ýaşaýan ýeri;
  • sany we üýtgemek derejesi;
  • biologiki aýratynlyklary;
  • esasy çäklendiriji sebäpleri;
  • gorag üçin görlen çäreleri;
  • genafondy gorap saklamakdaky ähmiýeti;
  • ösdürilip ýetişdirilişi, köpeldilişi;
  • barlaglar boýunça teklipler.

Gyzyl kitapda seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astyndaky organizmleriň sanawy, olaryň ýaýran ýerleri, sany we kemelmeginiň sebäpleri, gaýtadan dikelmeginiň aýratynlyklary, görnüşleri dikeltmek üçin häzirki wagtda görlen we görülmeli çäreleriň ýazgysy ýazyp beýan edilýär.

Käbe KULYÝEWA,

Darganata etrabyndaky 6-njy çagalar
bakja bagynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok