Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow şahsy «Telgram» sahypasynda türkmen alabaýy Akdusyň suratyny paýlaşdy. Rustam Minnihanow täsirli suratlary sosial sahypalarynda yzygiderli ýerleşdirilýär. Nobatdaky suratyna: «Ahyrsoňy Akdus ikimiz tokaýa gezelenje çykdyk. Biz dynç alýarys. Ol hem güýz paslynda tokaýyň howasyny gowy görýär» diýen ýazgyny ýazdy.
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Akdus bilen Türkmen alabaýynyň baýramy güni gezelenje çykdy. Baýramçylyk mynasybetli Akdusuň suratyna onuň dürli sebitlerdäki muşdaklary hem gutlag sözlerini ýazdylar, bäsleşiklerde üstünlikleri arzuw etdiler.
Ýeri gelende belläp geçsek, Akdus ady tatarça bolup, türkmen diline terjime edilende «Ak dost» diýen manyny berýär. Akdus heniz kiçijek güjük mahaly, 2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlipdi. Şu ýylyň başynda Akdus «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony bolmagy başardy.
Maksat ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler