Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere beslenýän ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir belent maksat ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň aýdyň subutnamasyny bolsa bu günki gün her bir ädimde görmek bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem günsaýyn pajarlap ösýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamynda birnäçe işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilýän bilim ojaklarynyň sany barha artýar. Ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, sowatly, ukyply bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Bu bolsa, gözel Diýarymyzda ökde, ylymly-bilimli ýaşlary kemala getirmekde edilýän bimöçber aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki ajaýyp döwrümizde oňyn mümkinçiliklerden peýdalanýan, döwrebap bilim alyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ruhlary belent, maksatlary aýdyň. Bu günki ýaş nesil — Diýarymyzyň mekdep okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdebiniň talyplary — ertirki hünärmenler, ýurdumyzyň gülläp ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak ynsanlar. Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesidir.
«Bagtyýar geljegimiziň girewi bolan ruhubelent, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýelemek biziň baş maksadymyzdyr» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Aýjahan GÜÝJOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurtdillerine
ýöriteleşdirilen 27-nji ortamekdebiniň
bedenterbiýe mugallymy.
Teswirler