Maliýe Howpsuzlygy olimpiadasynda türkmen talyp ýaşlar bäsleşýär

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän halkara derejeli olimpiadalar türkmen ýaşlarynyň ýokary bilim derejesiniň kämilligini görkezýär. 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Russiýanyň Soçi şäherinde Maliýe howpsuzlygy boýunça Halkara Olimpiada geçirilýär. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 10 talyp gatnaşýar.

Olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden Kakabaý Nurgeldiýew we Nurmuhammet Täjimyradow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden Şabibi Beşimowa we Kyýas Ilmyradow, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan Mähri Gubajaýewa, Arslan Şaimow hem-de Jennet Berdiýewa, Türkmen döwlet maliýe institutyndan Enejan Garajaýewa we Aýsenem Nuryýewa bäsleşýärler. Bu talyplar saýlama tapgyrynda ýokary netijeler gazanyp, olimpiada gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bu halkara bäsleşigiň esasy maksady ykdysadyýete halkara tejribelerini ornaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we ýaşlaryň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Olimpiadada ýurdumyzyň talyplary ykdysadyýet, maliýe we karz, ykdysady howpsuzlyk, halkara gatnaşyklar, hukuk we informatika boýunça ýumuşlary ýerine ýetirip, halkara derejesinde bäsleşýärler.

Talyp ýaşlar halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşmak üçin döredilen mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirýärler.

Şeýle-de okaň:
Üstünligi programmirleýi – Nurmuhammet Täjimyradow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok