Mahatma Gandiniň doglan gününiň 155 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

Aşgabatda Hidistan Respublikasynyň Ilçihanasy 2-nji oktýabrda Mahatma Gandiniň doglan gününiň 155 ýyllygy mynasybetli çäre geçirdi. Şeýle-de bu gün Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan zorluksyzlygyň güni hökmünde bellenilip, bu bolsa Gandiniň filosofiýasynyñ ähmiýetini açyp görkezýär.

Esasy dabara “XXI asyrda Gandiniñ filosofiýasynyñ döwrebaplylygy” atly maslahat boldy. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar Gandiniň goýup giden mirasyny we onuň häzirki zaman dünýäsine ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Mohandas Karamçand Mahatma Gandi, 1869-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda Porbandar, Bombaý prezidentligi, Iňlis Hindistan döwletinde eneden dogulýar. Ol hindi garaşsyzlygy ugrundaky hereketiň ýolbaşçylarynyň we ideologlarynyň biri bolan hindi syýasy we jemgyýetçilik işgäri Beýik Britaniýa, Gand ideologiýasynyň düýbüni tutujy şahsyýetdir. Mahatma Gandiniň «Garşydaşyňy söýgi bilen ýeň!» diýen pelsepesi hindi halkynyň arasynda uly goldaw tapyp, islendik meseläni parahatçylygyň üsti bilen çözmeklige çagyrýar.

Arzygül ABDYLLAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok