Çaga terbiýesi-gysga sözler bilen

Çagalar 6 ýaşynyň dolmagy bilen olar ak mekdebiň gapysyndan bilim dünýäsine ilkinji ädimlerini ädýärler. Psihologlaryň aýtmagyna görä çagalary mekdebe ilkinji gatnap başlan günlerinde ene-atalaryň goýberýän ýalňyşlygy olary has gowy görüp geljekde öwrener, geljekde okar diýen tama bilen hem özlerini, hem çagalaryny ters ýola itermekleridir. Çagalar 8 ýaşa çenli alymlaryň çaklamalaryna görä hem biologik, hem ruh taýdan has çalt ösýär.

Hiç bir çaga erbet endikler bilen dogulmaýar, olara dogry ýoly saýlap bermek biz ene-atalaryň galyberse-de mugallymlaryň, pedagoglaryň wezipesidir. Psihologlar çagalar mekdebe ilkinji baryp başlan günlerinde ýagny ilkinji hepdesinde, aýynda, ýylynda olar bilen nähili baglanyşyk saklamagy barada ene-atalara şu aşakdakylary maslahat berýärler:

  • Has köp gowy görmek, ezizlemek çagany ýadadar, ene-ata bagly bolup galmagyna getirer we çaga geljekde özbaşdak hereket edip bilmez.
  • Çaga üns bermezlik bolsa onuň ýekesiremegine çäresizligine ynanmagyna getirer. Orta ýoly tapmak bolsa ene atalaryň esasy wezipesidir.
  • Çagajyklaryň goýberýän kiçijik ýalňyşlary ulaldylmaly däldir.
  • Gorkuzmak arkaly diýeniňizi etdirjek bolmaň!
  • Öz ýaşyna mynasyp hereketleri etmegine surat çekmegine, multifilme seretmegine, aýdym-saz diňlemegine hormat goýuň!
  • Deň-duşlary bilen deňeşdirip çaga käýemek onuň has hem yza galmagyna getirer.
  • Duýgularyňyzy, düşünjeleriňizi, söýgiňizi galyberse-de gynanjyňyzy hem çagaňyz bilen paýlaşyň!
  • Çaganyň durmuşy bilen bagly meseleleri çözjek bolanyňyzda hökman onuň özüniň hem pikirini diňläň!
  • Çagaňyz mekdepden gelende “näçe baha aldyň” diýip soramagyň ýerine “gyzykly näme öwrendiň” diýip soraň!
  • Çagaňyzy gazanan üstünliklerine görä gowy görmäň, ony kemçiligi bilen kabul etmegi başaryň çaganyň kemçiligi bilen söýjek onuň diňe ene-atasydyr.
  • Çaganyň kiçilikden her bir hereketini gözegçilikde saklajak bolmak geljekde onuň öňüne uly böwet goýmak ýalydyr. Çaga özbaşdak hereket etmegi öwrediň. Oňa hemişe ýanynda boljagyňyzy aýdyp duruň!

Ajaýyp zamanamyzda goý her bir türkmen ojagynda çagalaryň gülküsi ýaňlanyp dursun. Bize şeýle zamanada ýaşamaga, işlemäge ajaýyp şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Jamilýa JORAÝEWA,

Çärjew etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň
başlangyç synp mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok