GARAŞSYZLYK — ÄHLI ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ ÖZENI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmeniň belent ykbally geljegi bolup, ýaşaýyş mukamynyň şirin owazyna öwrülip, jümle-jahana ýaň salýar. Bagtyýar milletiň ykbaly hem-de kalby bolup gülleýän Garaşsyz Türkmenistanyň at-owazasy bu gün dünýä dolýar. Garaşsyz türkmen döwletiniň abraýyny, milli medeniýetiniň we sungatynyň şan-şöhratyny jümle-jahanda dabaralandyrýan Arkadagly Prezidentimiziň mertebesi halkara jemgyýetçiliginiň öňünde täze belentliklere göterilýär.

     Garaşsyzlyk taryhy ýollary gahrymançylyga beslenen gaýduwsyz hem merdana türkmen halkynyň asyrlarboýy ýüreklerde beslän arzuw-umytlarynyň, islegleriniň amala aşmagydyr, milli ruhunyň täzeden dabaralanmasydyr. Şol sebäpli-de, türkmen halkyny berkarar döwletlilige, sowulmaz döwranlylyga, ykbal çözüji özbaşdaklyga ýetiren Garaşsyzlygyň şanly senesi halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol senäniň özbaşdak Türkmenistan döwletiniň bagtyýar geljegine aýdyň şugla saçmagy tebigy kanunalaýykdyr.          

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halky ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyny hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly dabara bilen belläp geçer. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň türkmen döwletiniň binýadynyň berkden tutulmagynda, Watan ykbalynyň täze belentliklere göterilmeginde, özbaşdaklygyň erkin şemalyndan rowaç alyp, gülläp ösmeginde çuňňur watansöýüjiligiň nusgasyny görkezýär hem-de ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryny, berkarar döwletlilik baradaky ynamlaryny dabaralandyrýar.

     Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Hojamguly TAÝLYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok