Keşdeçilik sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ruhyýeti kalby bilen utgaşyp, milliligi süňňüne siňen türkmen halkymyzyň gadymyýetden şu güne çenli mukaddeslik hökmünde getiren medeni mirasy belent derejede sarpalanýar. Şol milliligimizi bagtyýar nesillerimize ýetirmekde, ony gorap saklamakda möhüm başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Türkmen halky özüniň gadymyýetden gelýän milli gymmatlyklaryna, däp dessurlaryna, edim-gylymlaryna mukaddeslik hökmünde garaýan halk. Bu gymmatlyklar bolsa mähriban halkymyzyň kalbynda soňlanmajak şygyr bolup ýaşaýar.

Halkymyzyň medeni mirasy özüniň köpöwüşgünliligi bilen tapawutlanýar. Göreniňde gözüňi gamaşdyrýan gözellikleriň ençemesi mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden, yhlasly zähmetinden kemala gelýär. Zenanlar gözüniň gören, göwnüniň söýen gözelligini öz el işlerinde wasp edýär . Şeýdip hem owadan keşdedir-nagyşlaryň ajaýyp nusgalaryny has-da baýlaşdyryp, ýokary sungat derejesine ýetirip gelýärler. Şeýle gözellikleri özünde jemleýän türkmeniň keşdeçilik sungaty eziz halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklary hökmünde arzylanýar. Milli lybaslarymyzyň, kürtedir çabytlarymyzyň keşdeler bilen sünnälenip, nagyşlanylyşyny synlanyňda, ene-mamalarymyzyň “iňňe bilen guýy gazan ýaly” diýen sözüniň asyl manysyna düşünmek bolýar. Türkmen zenanlaryna bolan näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly ajaýyp häsiýetleriň ählisi bu sungatda jemlenen. Çeper elli zenanlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän köz ýaly ýanyp duran keşdeli keteni köýnegi, dürli nagyşlara beslenen çyrpydyr kürtesi, çabytdyr begresi türkmen tebigatynyň aňyrsyna gözýetmez ajaýyplyklarynyň, sahawatly türkmen topragynyň berekediniň, özboluşly keşbiniň beýanydyr. Inçelik bilen mähir siňdirilip ýerine ýetirilen milli nagyşlar bolsa zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň ýokary ussatlygyndan habar berýär. Türkmen maşgalasynda gyz bäbejik dünýä inende hem, onuň ulalansoň çeper elli, tikin-çatyndan başy çykýan, “elinden dür dökülýän” tüýs türkmen gyzy bolup ýetişmegi üçin ýagşy umyt edip, şol ýagşy umytlaryny arzuwly lälelerde, joşgunly gazallarda beýan edipdirler. Şeýle bagtyýar döwrümizde milliligimize uýup, ony sarpalap, gymmatly ýörelgelerimizi mynasyp derejede dowam etdirmek biz bagtyýar ýaşlaryň mukaddes borjudyr.

Oguş AMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok