Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasy açylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde 24 — 30-njy sentýabrda ýokary derejeli hepdeligiň geçirilmegine garaşylýar. 22-23-nji sentýabrda “Geljegiň sammitiniň” we beýleki çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň goldawy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Onda möhüm ugurlaryň birnäçesi beýan edildi. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek wajyp ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek boýunça daşary ýurtlar hem-de BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen bilelikde işleri alyp barmak meýilleşdirilýär. Öňde açyljak sessiýanyň çäklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek hem göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, geljek ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, birnäçe halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistan halkara we sebit derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany, 2026 — 2035-nji ýyllar üçin BMG-niň “Durnukly ulagyň onýyllygyny” durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmegi, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmegi teklip edýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek babatdaky işler dowam etdiriler. Mundan başga-da, türkmen döwletiniň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasyna laýyklykda geňeşmeler geçiriler.
Gülmedine DANAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler