Şu gün 2024-nji ýylyň 6-nji sentýabrynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň öňsyrasynda (COY19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 29-nji mejlisiniň (COY29) öňüsyrasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiň bölüminde Ýaşlar maslahaty geçirildi.
Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, şeýle-de Azerbaýjan respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde gurnaldy.
Maslahata ýokary okuw jaýynyň talyplary, Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri, eko-aktiwistler, şeýle hem BMG-niň wekilhanasynyn guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler, bilim we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenlerini bir ýere jemledi. Olar ýaşlar bilen bilelikde häzirki daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň gatnaşmagyny göz öňünde tutmaga ajaýyp mümkinçilik berdi.
Salamlaşyk dabarasyndan soňra, maslahata gatnaşyjylar tematiki iş toparlara bölündiler. Toparlarda açylan temalaryň içine Hazar deňziniň ekologik başlangyçlary, energetika pudagynda parnik gazlarynyň bölünmegini azaltmak, täze tehnologiýalaryň kömegi bilen uglerod galyndyny kiçeltmek we halka daşky gurşaw barada maglumatlary ýetirmek içine aldy.
Ekspertlar we Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri bilen bilelikde duşuşygyň maksatlaryny we garaşylýan netijelerini düşündirdiler. Her iş topary maksatlaryna esaslanyp öz tekliplerini taýýarladylar, we maslahatyň jemleýji bölüminde her iş toparyň ýolbasçylary tekliplerini hödürlediler. Bu teklipler, ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy göreşdäki goşandyny güýçlendirmeklige gönükdirilen geljekki başlangyçlar üçin esas döreder.
Baýnazar Muhammedow.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýaklar we
Informatika institutynyň talyby.
Teswirler