Hazar deňzi gününiň ylmy maslahatynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy Hazar deňzi güni mynasybetli geçirilen “Hazar deňzi: durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahata wekilçilik etdi. Bu baýramçylyk 2007-nji ýylda Bakuda geçirilen Tähran konwensiýasynyň birinji konferensiýasyndan soň Hazarýaka döwletleri—Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan we Türkmenistan—tarapyndan ykrar edilip, her ýyl bellenilýär.

Maslahat “Berkarar” myhmanhanasynda geçirilip, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda Daşky gurşawy goramak ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan guraldy. Maslahatyň geçirilmegine Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem ýardam berdi.

Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri, beýleki ministrler, degişli pudaklaryň hünärmenleri we ýurdumyzdaky ylmy jemgyýetiň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem, bu ýerde Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, şol sanda Türkiýe, Gruziýa, Rumyniýa, Beýik Britaniýa we Täjigistan, şeýle-de abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilleri myhman hökmünde çykyş etdiler.

Maslahatyň gün tertibinde ykdysady, sosial we ekologiki meseleleri çözmäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Hazar ekologiýa programmasynyň (KEP) çäginde amala aşyrylýan köpugurly işlere bagyşlanan hasabatlar diňlenildi.

Maslahata gatnaşyjylar “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyny sebitde mineral-çig mal, biologiki we syýahatçylyk mümkinçiliklerini toplumlaýyn we maksada laýyk ulanmagyň nusgasy hökmünde ýokary bahalandyryp, oňa uly gyzyklanma bildirdiler.

Maslahatyň çäklerinde Hazar deňziniň tebigatyna we ýurdumyzdaky daşky gurşawy goramakda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergi hem myhmanlaryň ünsüni çekdi. Şeýle hem, myhmanlar üçin “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy boýunça tanyşdyryş gezelençleri bilen bilelikde medeni maksatnama guraldy.

Jeýhun Jumaşow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar 
we informatika institutynyň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok