ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze ilçisi kasam kabul etdi

Ýaňy ýakynda, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Klimow diplomatik wezipesini tamamlap, öz ýurduna dolandy. ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistana täze ilçi hökmünde Elizabet Rud bellendi.

ABŞ-nyň Prezidenti Josef Baýden tarapyndan Elizabet Rud ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine 2022-nji ýylyň awgustynda bellendi. 2023-nji ýylda Elizabet Rudyň dalaşgärligi ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan tassyklandy.

Şeýlelikde, ABŞ-nyň döwlet departamentinde, ýagny Daşary işler ministrliginde Elizabet Rudyň kasma kabul ediş dabarasy geçirildi. Kasam kabul ediş dabarasyna Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Meret Orazow hem gatnaşdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. 2019-njy ýyldan bäri ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesini Metýu Klimow alyp bardy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok